JEMGYÝETTEHNOLOGIÝA

Türkmenistan 5G tehnologiýasynyň mümkinçiliklerini öwrener

4G tehnologiýasy bilen deňeşdirilen, maglumat geçirijiligi 10 esse çenli ýokary bolup, ygtybarly we durnukly birikmeleri üpjün edýän 5G tehnologiýasynyň aýratynlyklary öwrenilýär. Bu barada Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory Mämmethan Çakyýew hasabat berdi.

“Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçilişi ýaly, şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna “Türkmenaragatnaşyk” agentliginiň bu ugurda degişli işleri geçirmek baradaky teklibi hödürlendi.

Hormatly Prezidentimiz häzirki wagtda daşary ýurtlarda döwrebap 5G tehnologiýasynyň giňden ulanylýandygyny belläp, bu teklibi goldaýandygy aýtdy. Döwlet Baştutanymyz agentligiň ýolbaşçysyna bu tehnologiýanyň mümkinçiliklerini we aýratynlyklaryny öwrenmek boýunça degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Related posts

Türkmenistanda kiberhowpsuzlygy boýunça hünärmenler taýýarlanar

Elizabet Rud: ABŞ Türkmenistanyň oňyn bitaraplygyna ýokary baha berýär

100 ýyldan soň peýda bolan jandar

Ata Watan Eserleri