JEMGYÝET

«Täzeje» «Mersedes-Benz 190»

Suratda hem synlaýyşyňyz ýaly, gürrüň «Mersedesiň» köne nusgalarynyň biri barada barýar. Hakykatdan-da «Mersedes-Benz 190» 1982 ― 1993-nji ýyllar aralygynda Amerika bazary üçin öndürilipdi we öz döwründe uly meşhurlyk gazanypdy. Ýöne Germaniýada satuwa çykarylan bu ulagyň ýeke-täk nusgasy heniz ýekeje metr hem ýol geçmedik. Başgaça aýtsak, täp-täzeje.

Bu ulag saý-sebäp bilen kompaniýanyň Germaniýadaky ammarlarynyň birinde galypdyr. Indi bolsa ol nemes awtoulag söýüjileri üçin satlyga çykaryldy. 1986-njy ýylda öndürilen ulaga satlyga çykan ilkinji gününden bäri uly islege eýe boldy.

134 at güýjüne deň bolan ulagyň hereketlendiriji 2,3 litre deň. Ol awtomat usulda dolandyrylýar. Ulag 55,5 müň dollara satylýar.

Related posts

“Sürdürülebilir Kalkınma için Su” Konferansı

vepa

Türkmenistan :Ticaret Alanındaki Büýüme Rakamları

vepa

Ýylana ertekiniň gahrymanynyň ady dakyldy

Ata Watan Eserleri