GENERAL

«Täzeje» «Mersedes-Benz 190»

Suratda hem synlaýyşyňyz ýaly, gürrüň «Mersedesiň» köne nusgalarynyň biri barada barýar. Hakykatdan-da «Mersedes-Benz 190» 1982 ― 1993-nji ýyllar aralygynda Amerika bazary üçin öndürilipdi we öz döwründe uly meşhurlyk gazanypdy. Ýöne Germaniýada satuwa çykarylan bu ulagyň ýeke-täk nusgasy heniz ýekeje metr hem ýol geçmedik. Başgaça aýtsak, täp-täzeje.

Bu ulag saý-sebäp bilen kompaniýanyň Germaniýadaky ammarlarynyň birinde galypdyr. Indi bolsa ol nemes awtoulag söýüjileri üçin satlyga çykaryldy. 1986-njy ýylda öndürilen ulaga satlyga çykan ilkinji gününden bäri uly islege eýe boldy.

134 at güýjüne deň bolan ulagyň hereketlendiriji 2,3 litre deň. Ol awtomat usulda dolandyrylýar. Ulag 55,5 müň dollara satylýar.

Related posts

Turkmenistan-Zimbabwe: political consultations were held

İsrail Büyükelçisi göreve başladı

vepa

Professor Yusup Azmun : “Professor Yusup Azmun: The Makul Dictionary benefits not only Turkmens but people everywhere

Ata Watan Eserleri