JEMGYÝET

Ahalyň täze merkezi “akylly şäher” konsepsiýasyna eýe bolýar

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň giňişleýin göçme mejlisini geçirdi. Onuň dowamynda Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkezinde gurulýan desgalaryň taslamalaryna garaldy.

Döwlet Baştutanymyz mejlis başlamazdan ozal, Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň çäklerinde alnyp barylýan işler, medeni-durmuş we önümçilik maksatly desgalaryň çyzgylary, şekil taslamalary bilen tanyşdy.

Şekil taslamalaryndan görnüşi ýaly, täze şäheriň çäklerinde häzirki zaman sanly ulgamy esasynda lukmançylyk, bank, söwda edaralarynyň işlemegi üçin şertler dörediler, awtobuslaryň gatnawlary düzgünleşdiriler, taksi hyzmatlary hödürleniler. Şunda “akylly” şäher konsepsiýasynyň, elektron resminama dolanyşygynyň netijeli işiniň ýola goýulmagyna möhüm ähmiýet berler. Merkezde häzirki zaman internet ulgamynyň serişdeleri hereket eder we dürli ugurlar boýunça degişli portallaryň işleri ýola goýlar. Munuň özi döwrebap aragatnaşyk ulgamynyň kämil derejesiniň hemmeler üçin elýeterli bolmagyny şertlendirer.

Täze şäheriň çäginde elektrobuslaryň we elektromobil taksileriň işini ýola goýmak meýilleşdirilýär. Şunda bu ulgamlaryň sazlaşykly hereketini üpjün etmek maksady bilen, hereket sazlaýjy yşyklaryň, awtoduralgalaryň işine sanly ulgam ornaşdyrylar. Munuň özi sazlaşykly hereketi hem-de şäher ilaty we onuň myhmanlary üçin ýokary derejeli hyzmatlaryň elýeterli bolmagyny üpjün eder. Şeýle hem döwlet Baştutanymyza ulag ýollarynda guruljak awtobus duralgalarynyň, dürli maksatly desgalaryň golaýynda bina edilmegi meýilleşdirilýän açyk we ýapyk görnüşli awtomobil duralgalarynyň şekil taslamalary, ýol-ulag düzümine degişli desgalaryň aýratynlyklary, merkeziň yşyklandyryş ulgamynyň işleýiş düzgünleri bilen baglanyşykly taýýarlanylan şekil taslamalary, çyzgylar görkezildi. Şunda merkeziň çäginde “akylly” şäher konsepsiýasyndan ugur alynýar. Bu konsepsiýanyň esasy ugry bolsa bina edilýän desgalaryň gurluşygynda ekologik taýdan arassa serişdeleriň ulanylmagyndan we ýokary ekologik derejäni üpjün etmekden ybaratdyr. Merkeziň çäklerinde ýerine ýetirilýän ähli işlerde şu ýörelgeleriň üpjün edilmegi esasy talap bolup durýar.

Merkeziň çäginde bina ediljek desgalarda dünýäniň öňdebaryjy önüm öndürijileriniň enjamlarynyň we häzirki zaman sanly ulgamynyň ornaşdyrylmagy bilen baglanyşykly meseleler içgin öwrenilýär hem-de olaryň ornaşdyrylmagyna möhüm ähmiýet berilýär.

Soňra bu ýerde merkeziň gurluşygynda ýerine ýetirilýän işleriň gerimi, onuň desgalarynda ornaşdyrylýan döwrebap enjamlaryň ähmiýeti, şeýle hem şäher düzüminiň ähli ugurlarynda ulanyljak sanly ulgam şertleriniň häzirki zaman derejesi, umuman, “akylly” şäher konsepsiýasynyň ýerine ýetirilmegine gönükdirilen giň möçberli işler barada maglumat berýän wideoşekiller görkezildi.

Ýene-de okaň

Türkmenistanda 2026-njy ýylda 5300-e golaý täze iş orny dörediler

Türkmenistanda 2026-njy ýylda açyljak desgalar

Türkmenistanda ýolbaşçylary wezipe bellemek boýunça kararlar

Türkmenistanda täze ministrlik döredildi we oňa ýolbaşçy bellendi

Türkmenistanyň Prezidenti Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligine täze ýolbaşçy belledi

Batyr Annaýew Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ulag we aragatnaşyk toplumy boýunça orunbasary wezipesine bellendi