JEMGYÝET

Halk Maslahatynyň Başlygy Azerbaýjanyň Prezidenti bilen duşuşdy

Şu gün Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň we Türkiýäniň birinji üçtaraplaýyn sammitine gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ylham Aliýew bilen duşuşdy.

Taraplar türkmen-azerbaýjan hyzmatdaşlygynyň geljek ugurlarynyň ara alyp maslahatlaşmagynyň barşynda dürli ugurlarda, şol sanda söwda-ykdysady, energetika, ulag-kommunikasiýa we beýleki ulgamlarda hyzmatdaşlygy işjeňledirmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny bellediler.

Söhbetdeşler ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk baradaky gürrüňi dowam edip, Ykdysady hyzmatdaşyk boýunça bilelikdäki türkmen-azerbaýjan hökümetara toparynyň işiniň ähmiýetini bellediler, toparyň nobatdaky mejlisi 2022-nji ýylyň 29-njy noýabrynda Baku şäherinde geçirildi.

2021-nji ýylyň 21-nji ýanwarynda Aşgabatda Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň Hökümetleriniň arasynda Hazar deňzindäki «Dostluk» uglewodorod ýatagynda bilelikde gözleg, işläp taýýarlamak hem-de özleşdirmek işlerini geçirmekde özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekilmegini türkmen-azerbaýjan hyzmatdaşlygynyň gazanan üstünlikleriniň hatarynda görkezildi.

Söhbetdeşler ynsanperwer, medeniýet, ylym-bilim, saglygy goraýyş we syýahatçylyk ugurlarda hyzmatdaşlygy has-da giňeltmeklige aýratyn ähmiýet berdiler.

Ýene-de okaň

Türkmenistanda 21-nji martda ählihalk bag ekmek dabarasy geçiriler

Türkmenistan Eýrana ynsanperwer kömegini iberýär

Türkmenistanda Gadyr gijesi mynasybetli 336 sany raýatyň günäsi geçildi

Üsküdar uniwersiteti Türkmenistanyň sanawynda – amatly bahadan okamak mümkinçiligi

Ata Watan Eserleri

Türkmen talyplaryna Italiýada talyp hakly okamak mümkinçiligi

Ata Watan Eserleri

Türkiýä bolan syýahatçylyk islegi ýokary derejede saklanýar

Ata Watan Eserleri