JEMGYÝET

Türkmenistan-Azerbaýjan-Türkiýe: Awaza üçtaraplaýyn sammit başlady

«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Türkmenistanyň, Azerbaýjan Respublikasynyň we Türkiýe Respublikasynyň döwlet Baştutanlarynyň üçtaraplaýyn sammiti öz işine başlady.

Awazadaky Kongres merkezinde geçirilýän  “Türkmenistan – Azerbaýjan – Türkiýe” görnüşindäki döwlet Baştutanlarynyň birinji duşuşygy dostlukly ýurtlaryň milli ykdysadyýetleriniň strategik ugurlary bolan ulag, energetika ulgamlarynda däp bolan hyzmatdaşlygy ösdürmäge täze itergi berer.

Duşuşygyň netijeleri boýunça möhüm üçtaraplaýyn resminamalaryň birnäçesine gol çekilmegine garaşylýar.

Düýn, 13-nji dekabrda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda dostlukly ýurtlaryň  energetika, ulag ulgamlarynyň hem-de daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň derejesinde duşuşyklar geçirildi.

Related posts

Aşkabat’taki basın toplantısına ‘Türkçe’ damgası

vepa

Türkmenistandaky metjitler we zyýarathanalardaky çäklendirme möhleti

Ata Watan Eserleri

Ezber ýaş türgenleriň üstünligi

vepa

Leave a Comment