JEMGYÝET

Türkmenistan-Türkiýe-Azerbaýjan: daşary işler ministrleriniň üçtaraplaýyn duşuşygy

“Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda Türkmenistan-Türkiýe-Azerbaýjan görnüşinde üçtaraplaýyn birinji döwlet Baştutanlarynyň sammitiniň çäklerinde daşary işler, energetika we ulag ministrleriniň duşuşyklary geçirildi.

“Gämi” myhmanhanasynda Türkmenistan-Türkiýe-Azerbaýjan döwletleriniň daşary işler ministrleriniň duşuşygy geçirildi. “Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň hem çagyrylan duşuşygyna Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow, Türkiýe Respublikasynyň daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly hem-de Azerbaýjan Respublikasynyň daşary işler ministri Jeýhun Baýramow gatnaşdy.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow öz çykyşynda üç doganlyk ýurduň arasyndaky gatnaşyklary has–da pugtalandyrmak üçin tagalla edilýändigini belledi.

Şeýle hem Türkmenistanyň daşary işler ministri üç ýurduň arasynda söwda-ykdysady, energetika, ulag-logistika we ynsanperwer ugurlardaky gatnaşyklary ösdürmek üçin mümkinçilikleriň bardygyny belledi.

Türkiýe Respublikasynyň daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly bolsa öz gezeginde üç doglanlyk ýurduň daşary işler ministrleriniň duşuşygyna gatnaşmakdan hoşaldygyny belledi.

Energetika we ulag ministrleriniň hem üçtaraplaýyn duşuşyklarynyň geçirilýändigine ünsi çeken Çawuşogly üç ýurdy köp sanly umumylyklaryň birleşdirýändigini mälim etdi.

Şeýle hem Mewlüt Çawuşogly üç ýurduň Türki Döwletleriň Guramasy, ikitaraplaýyn we köptarap;aýyn görnüşde hyzmatdaşlygyny ösdürýändigini mälim etdi.

Türk ministri söwda, ykdysady, gümrük, energeitka, ylym-bilim ulgamlarynda anyk hyzmatdaşlyk üçin ädimleriň ädiljekdigini belläp, haryt dolanyşygyny artydrymak üçin degişli işleriň alnyp baryljakdygyny belledi.

Üçtaraplaýyn duşuşygyň çäklerinde Türkmenistanyň we Türkiýäniň daşary işler ministrleriniň hem üçtaraplaýyn duşuşygy geçirildi.

Ýene-de okaň

Türkmenistan bilen FAO guramasynyň arasynda birnäçe resminamalara gol çekildi

ABŞ-nyň ýörite wekili Serjio Goruň Türkmenistana sapary

Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugyna täze ýolbaşçy bellendi

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Ýewropa Bileleşiginiň ýörite wekili bilen duşuşdy

Türkmenistanyň we Hindistanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy guralar

Türkmenistanda FAO-nyň wekilhanasyny döretmek hakynda Ylalaşyga gol çekildi