Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow Hökümet mejlisinde Halkara Bitaraplyk gününe bagyşlanan çärelere görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.
Şunuň bilen baglylykda, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 1995-nji ýylyň 12-nji dekabryndaky hem-de 2015-nji ýylyň 3-nji iýunyndaky Kararnamalary bilen ykrar edilen hemişelik Bitaraplygyň Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň binýatlaýyn esaslarynyň biridigi bellenildi. Ýurdumyzyň BMG-de agzalygynyň 30 ýyllygy bellenilýän şu ýylda Türkmenistanyň Bitaraplyk derejesine eýe bolmagynyň 27 ýyllygy giňden dabaralandyrylar.
Bu waka mynasybetli Türkmenistanda birnäçe çäreleri guramak meýilleşdirilýär.
Şolaryň hatarynda:
- Merkezi Aziýa döwletleriniň zenanlarynyň dialogynyň ýyllyk mejlisi bar. Bu çäre Aşgabatda ýokarda agzalan köptaraplaýyn dialogda ýurdumyzyň ýolbaşçylyk etmeginiň çäklerinde geçiriler.
- Mundan başga-da, paýtagtymyzda Merkezi Aziýa döwletleriniň Strategik barlag institutlarynyň nobatdaky duşuşygyny, Parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň bähbidine Bitaraplygyň dostlary toparynyň ýokary derejedäki duşuşygyny geçirmek meýilleşdirilýär.
- Şanly sene mynasybetli geçiriljek esasy çäreleriň biri “Dialog — parahatçylygyň kepili” atly halkara maslahat bilen baglanyşyklydyr. Häzirki wagtda bu foruma taýýarlyk işleri alnyp barylýar, degişli Konsepsiýanyň taslamasy işlenip taýýarlanyldy.
- Şeýle hem Merkezi Aziýa döwletleriniň daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde ýyllyk duşuşygy geçirmek meýilleşdirilýär. Bu çäre şu ýyl döredilmeginiň 15 ýyllygyny belleýän BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň howandarlygynda geçiriler.
- Şunuň bilen birlikde, paýtagtymyzyň Olimpiýa şäherçesinde Daşary işler ministrliginiň işgärleriniň we ýurdumyzdaky diplomatik wekilhanalaryň, halkara guramalaryň wekilleriniň gatnaşmagynda däp bolan sport ýaryşlaryny guramak göz öňünde tutulýar.
