SPORT

Türkmen türgeni dünýä çempionatynda altyn medal gazandy

Şu günler Gyrgyz Respublikasynyň Bişkek şäherinde Sambo boýunça dünýä çempionaty dowam edýär. Halkara ýaryşa 51 döwletden 50-e golaý türgen gatnaşýar. Türkmenistandan bu çempionatda 21 türgen wekilçilik edýär.

Düýnki geçirilen tutluşyklarda 64 kilogram agramda çykyş eden Muhammet Kössekow altyn medala mynasyp bolmagy başardy. Munuň özi milli ýygyndymyzyň ýaryşda gazanan ilkinji medaly boldy. Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Mälikguly Berdimuhamedow adyndaky 1001-nji harby bölüminiň esgeri ýaryşyň dowamynda Bolgariýadan, Gazagystandan hem-de Azerbaýjandan gelen türgenlerden üstün çykmagy başardy.

Ýeri gelende bellesek, Muhammet Kössekow iýun aýynda Juniýa şäherinde (Liwan Respublikasy) geçirilen sambo we söweş sambosy boýunça Aziýa çempionatynda hem şowly çykyş edip, bürünç medala mynasyp bolupdy.

Dünýä çempionaty 14-nji noýabrda tamamlanar. Biz hem çempionatdaky nobatdaky çykyşlarynda ildeşlerimize üstünlik arzuw edýäris.

Ýene-de okaň

Hytaýda VI Aziýa kenarýaka oýunlaryna badalga berildi

Azerbaýjanda “UFC Fight Night” ýaryşlary geçiriler

George Haji Rumyniýanyň milli ýygyndysynyň baş tälimçisi boldy

Döwletjan Ýagşymyradow 26-njy ýeňşini gazandy

“Bawariýa” 35-nji gezek Germaniýanyň çempiony boldy

«Real Sosýedad» 4-nji gezek Ispaniýanyň Şa Kubogyny gazandy