Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Purçekow Hökümet mejlisinde gurluşyk we senagat toplumynyň kuwwatyny mundan beýläk-de pugtalandyrmak, dürli pudaklarda zerur bolan önümleriň çykarylýan möçberlerini artdyrmak boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Prezidentiniň degişli Kararyna laýyklykda, “Türkmen kaolin” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň döredilendigi bellenildi. Häzirki wagtda Balkan welaýatynyň Jebel şäherçesinde ýerleşýän şu açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetine degişli kaolin önümhanasynyň durkuny täzelemek we düýpli abatlaýyş-bejeriş işlerini geçirmek tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýar.
Ýyllyk taslama kuwwatlylygy ýokary hilli, dünýä ölçeglerine laýyk gelýän önümleriň 20 müň tonnasyna barabar bolan önümhana daşary ýurtlaryň esasy önüm öndürijileriniň döwrebap enjamlary hem-de tehnologiýalary bilen üpjün edildi. Önümhananyň işe girizilmegi bilen, bu ýerde 70-den gowrak täze iş orunlary dörediler. Kaolin Türkmenistanda hereket edýän önümçilikleriň birnäçesinde, hususan-da, keramika, sanfaýans we gap-gaç önümçiliklerinde çig mal hökmünde giňden ulanylýar. Önümhanada öndürilýän önümi içerki bazarda ýerlemek we daşary ýurtlara ibermek meýilleşdirilýär.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda öndürilýän, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan we eksport ugurly önümleriň möçberlerini artdyrmak baradaky meseleleri üstünlikli çözmek maksady bilen, kuwwatly senagat toplumyny, diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürilýän gurluşyk senagatyny döretmek, ugurdaş düzümi döwrebaplaşdyrmak boýunça işleri dowam etdirmegiň wajypdygyna ünsi çekdi. Türkmenistan baý tebigy serişdelere eýedir. Munuň özi zerur çig mal binýadynyň bolmagyny şertlendirýär. Döwlet Baştutanymyz şular barada aýtmak bilen, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasaryna birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
