BIZNES

9 million dollardan gowrak awiakerosin eksporta iberilýär

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çyg mal biržasynyň söwdalaşmalarynda Beýik Britaniýanyň we Wirgin adalarynyň işewürleri bilen iki sany geleşik baglaşyldy.

Işewürler her tonnasy 1 015,75 ABŞ-nyň dollaryna barabar bolan TС-1 kysymly awiakerosiniň 8,9 müň tonnasyny satyn almak boýunça Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýan zawodlar toplumy bilen şertnama baglaşdylar.

Şertnamanyň jemi bahasy 9 040 175 amerikan dollaryna deň boldy. Önüm Türkmenbaşydaky halkara deňiz portundan ýüklenip ugradylar.

Related posts

Birža täzelikleri: türk işewürleri EKO-93 kysymly awtobenzini satyn aldylar

Türkmenistan ýene-de Özbegistana benzini iň köp eksport eden döwletleriň hatarynda

Döwlet býujetiniň çykdajylary azaldylar

Leave a Comment