Angliýanyň “Liwerpul” topary satuwa çykarylýar. Bu futbol toparyna eýeçilik edýän Amerikanyň “Fenway Sports Group” kompaniýasy tarapyndan topary satmagyň mümkinçilikleri babatda teklipler taýýarlandy. Bu barada “The Athletic” internet portaly habar berýär.
Maglumat berlişine görä, toparyň eýeleri satyn alyjylar üçin tanyşdyrylyş bukjasyny taýýarlady. Ýöne, topary satyn aljak dalaşgärler ýa-da göz öňünde tutulýan satuw bahasy barada maglumat berilmeýär.
Ozal, birnäçe gezek toparyň satyljakdygy barada habarlar ýaýradyldy. Kompaniýa üçünji taraplardan “Liwerpul” toparynyň paýdary bolmak babatda teklipler aldy.
Ameirkan kompaniýasy bu barada beren maglumatynda, “Liwerpul” toparynyň bähbitlerine laýyk gelýän hem-de dogry şertlerde täze paýdarlara gapylarynyň açykdygyny belläpdi.
Amerikanyň “Fenway Sports Group” kompaniýasynyň esaslandyryjysy Jon Genri 2010-njy ýylda bu topary satyn alypdy. Şol döwürde “Liwerpul” topary 2012-nji we 2022-nji ýyllarda Angliýanyň ligasynyň kubogyny gazandy. 2020-nji ýylda Angliýanyň çempiony bolan bu topar 2019-njy ýylda Çempionlar ligasynyň kubogyny, 2022-nji ýylda Angliýanyň kubogyny we superkubogyny gazandy.
