SPORT

Zidan Fransiýa tälim berer

Fransiýanyň milli ýygyndysynyň ozalky futbolçysy, “Real Madrid” toparyna tälim beren Zinedin Zidanyň Fransiýanyň milli ýygyndysyna tälimçi bolmagyna garaşylýar. Ol Katarda geçiriljek dünýä çempionatyndan soňra milli ýygynda tälimçi bolar, diýip, “Liberal Digital” neşiri habar berýär.

Zidan dünýä çempionatyndan soňra Fransiýanyň häzirki tälimçisi Didýe Deşamyň ornuna geçer.

Häzirki wagtda Fransiýa 2018-nji ýylda Russiýada geçirilen dünýä çempionatynda çempion bolan ýygyndy hasaplanýar.

Zidan öz döwründe Fransiýanyň ýygyndysy bilen 1998-nji ýylda dünýä çempiony we 2000-nji ýylda Ýewropa çempiony bolan belli futbolçylaryň biridir. Onuň tälimçilik işi “Real Madrid” topary bilen başlady. Bu topar bilen Çempionlar ligasynyň çempiony, Ispaniýanyň Superkubogynyň eýesi boldy.

Mälim bolyş ýaly, Katardaky dünýä çempionaty 20-nji noýabr – 18-nji dekabr aralygynda geçiriler.

Ýene-de okaň

Ronaldo “Al-Nasr” bilen meýdança çykdy we gol geçirdi

Gazagystan 32 ýyldan soňra ýene-de altyn Olimpiýa medalyny gazandy

“Arkadag” – “Al-Nassr”: bahreýnli eminler topary eminlik eder

Ata Watan Eserleri

Ronaldo we “Al-Nasr” toparyndaky ýagdaý

«Arkadag» futbol topary ýaş türkmen türgenleri bilen duşuşdy

Ata Watan Eserleri

Messi ýoldaşlyk duşuşygynda “Barselona” gol geçirdi