SIZDEN GELENLER

Hurmanyň peýdasy

Güýz paslynyň ahyrlap, gyş paslynyň gelmegi bilen saçaklarymyzy bezeýän miweleriň biri hem hurmadyr. Häzirki wagtda bu önüm ýurdumyzyň bazarlarynda giňden satylýar.

Hurma agajynyň miwesi şireli, süýji hem tagamlydyr. Onuň düzüminde uglewodlar, organiki turşular, şeker we С witamini saklanýar. Hurmanyň agajy, ýapraklary, miwesi, tohumy örän peýdalydyr. Hurmanyň miwesi halk lukmançylygynda melhem hökmünde giňden peýdalanylýar. Ol ganazlykda, galkan şekilli mäz kesellerinde, aşgazan we onkibarmak içegäniň baş kesellerinde, aşgazanda ýokary turşulygy peseldiji serişde hökmünde uly ähmiýete eýedir. Şeýle hem hurma bedendäki alyş-çalyş hadysalaryny kadalaşdyrýar, ýürek-damar ulgamynyň işini sazlaşdyrýar.

Hurma agajynyň miwesi ter, guradylan ýa-da täzeden işlenen görnüşde ulanylýar. Ondan gaýtadan işlenip taýýarlanan dürli iýmit önümleri ýokary tagamlylygy bilen tapawutlanýar. Azyk senagatynda hurma agajynyň miwesinden dürli görnüşli içgiler taýýarlanylýar. Käbir ýurtlarda ýenjilen hurmany una garyp, süýji çörekleri bişirýärler. Hurmanyň tohumy bolsa kofeniň ýerini tutýan içgi taýýarlamak üçin çig mal hökmünde ulanylýar.

Hurma Gündogar Aziýada – Hytaýda we Ýaponiýada döräpdir. Bu önüm Ýewropa  XIX asyrda aralaşýar. Häzirki wagtda dünýäde bäş ýüz töweregi hurma görnüşi bar. Bu miwäniň  iň köp ýaýran görnüşi bolsa «Gündogar hurmasy» diýlip atlandyrylýan görnüşidir. Hurmanyň bu görnüşi örän süýji-de däl, gaty-da. Gündogar hurmasyny sowadyjyda doňdurylanyndan soň ýa-da birnäçe gün alma bilen bir haltada saklananyndan soň iýip bolýar.

Hurma çalt horlanmaklyk üçin mono-dietanyň düzüm bölegi hökmünde ulanylýar. Hut şu nukdaýnazardan-da, düzüminde şekeriň we kaloriýanyň örän känligi sebäpli, köplenç, köp mukdarda hurma iýilýär. Ýöne, diýetologiýa hünärmenleri beýle berhiz bilen meşgullanmagy maslahat bermeýärler.

Hurma agajynyň “ýaşy” ortaça, 70 ýyla çenli, kähalatlarda 130 ýyla ýakyn bolup bilýär. Sekiz ýyldan soňra miwe berip başlaýan hurmanyň iň gowy hasyl berýän döwri 15-40 ýyllary aralygynda bolýar. Ony tohumyndan hem köpeldip bolýar. Ýöne onuň agajyndan çykan şahalar kesilip oturdylsa, has gowy miwe berýär. Bu şahajyklar onuň öz golaýynda ekilýär. Belli bir wagtdan soňra başga ýere äkidilip oturdylýar. Bu miwe Ýakyn
Gündogar we Demirgazyk Afrika ýurtlarynyň oba hojalyk ykdysadyýetinde uly orun tutýar.
Hurma adamzat tarapyndan ösdürilip ýetişdirilýän iň gadymy miweleriň biri hasaplanýar. Taryhy  maglumatlarda mundan 8 müň ýyl ozal, Hindi ýarymadasynyň günbatarynda we Müsürde hurma ekilendigi barada aýdylýar.

Oguljan Agamyradowa,

S.A.Nyyazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby. 

Ýene-de okaň

Energetika howpsuzlygy-durnukly ösüşiň kepili

Nebitgaz pudagy – ykdysadyýetiň daýanjy

Ata Watan Eserleri

Telekeçiligi ösdürmek – esasy ugur

Bedewler – türkmeniň buýsanjy

Ylym-bilim – bagtyýar geljegiň şamçyragy

Türkmeniň keçe sungaty – taryhy sungat

Ata Watan Eserleri