TEHNOLOGIÝA

 “WhatsAPP” täzeden işläp başlady

“WhatsApp” applikasiýasy birnäçe sagatlap işlemän galdy. Tutuş dünýäde bu applikasiýa elýetersiz bolup, käbir ulanyjylar habarnamalary iberip bilmediler. Käbir ulanyjylar bolsa, habarnamalary iberip, ýöne jogabyny alyp bilmändigi üçin kynçylyga sezewar boldular.

“Meta” kompaniýasynyň işgärleri bu goşundyny täzeden düzletmek üçin zähmet çekip, ony täzeden ýola goýdular.

Öň “Facebook” ady bilen tanalýan “Meta” kompaniýasy 2014-nji ýylda “WhatsApp” -y satyn aldy. Bu, esasanam Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň daşynda, köp adamyň gündelik aragatnaşyk üçin ulanýan meşhur habarlaşma torudyr.

Related posts

Täze “Xiaomi Mi 8 explorer edition” atly akylly telefony

 “Google Photos” mugt giňişligini çäklendirer

Gazagystan emeli aň boýunça halkara hyzmatdaşlygyny ösdürýär

Ata Watan Eserleri

Leave a Comment