TEHNOLOGIÝA

Gazagystan emeli aň boýunça halkara hyzmatdaşlygyny ösdürýär

Gazagystanyň sanly ösüş ministri Žaslan Madiýew we Gazagystanyň Prezidentiniň geňeşçisi Kuanyşbek Esekeýew Fransiýanyň Pariž şäherinde geçirilen emeli aň boýunça sammite gatnaşdy hem-de bu ýerde emeli aň ulgamyndaky meşhur hünärmenler, şol bir wagtda “OpenAI” hem-de “Meta” kompaniýalarynyň wekilleri bilen duşuşdy.

Daşary ýurtly hünärmenler Gazagystanyň emeli aň ulgamyndaky işläp düzmelerine ýokayr baha berdiler. “Meta” kompaniýasynyň emeli aň boýunça baş ylmy işgäri Ýan LeKun Gazagystanyň “KazLLM” dil modeliniň möhümdigini belledi.

Ýan LeKun “LLaMA” uly dil modeliniň işläp düzüjisi hasaplanýar. Bu işläp düzme emeli aň goşundylarynyň esasyny düzdi. “KazLLM” goşundysy hem şunuň esasynda döredildi.

Şeýle hem gazak ministri “OpenAI” kompaniýasynyň ýolbaşçysy Sem Altman we beýleki ýolbaşçylar bilen duşuşdy. Duşuşykda elektron hökümet ulgamyna emeli aňy ornaşdyrmak, şahsy maglumatlaryň syzdyrylmagynyň öňüni almak babatda maglumat howpsuzlygy ugrunda iş alyp barmak babatda pikir alyşmalar geçirildi.

Related posts

«LG» iki ekranly akylly telefon döreder

Hytaý Güne syn edýän ilkinji emeli hemrasyny uçurdy

Sürüjiler jerimäni “Türkmenpoçtada” onlaýn töläň!