TEHNOLOGIÝA

Ýewropa Bileleşigi emeli intellekt üçin 200 milliardlyk maýa goýum meýilleşdirýär

Ýewropa Bileleşiginiň (ÝB) Komissiýasynyň ýolbaşçysy Ursula fon der Leýen Ýewropada emeli intellekt pudagyna 200 milliard ýewro maýa goýmagy maksat edinýändiklerini aýtdy.

Fransiýanyň paýtagty Parižde geçirilen emeli aň boýunça sammitde çykyş eden ÝB-niň ýolbaşçysy Ýewropany emeli intellekt pudagynda öňdebaryjy yklymlaryň birine öwürmek isleýändiklerini aýdyp, bu ugurdaky işlerini çaltlaşdyryljakdyklaryny aýtdy.

ÝB-niň ýolbaşçysy Ýewropada emeli intellektiň döwlet we hususy pudaklar tarapyndan ep-esli möçberde maliýeleşdirilmegine zerurlygyň bardygyny belläp, hususy pudagyň 150 milliard ýewro wada beren emeli intellekt başlangyjyny goldaýandygyny aýtdy.

Ýewropa Bileleşigi emeli intellekt ulgamynda maýa goýum möçberlerini artdyrmak bilen ABŞ hem-de Hytaý ýaly esasy bäsdeşleri bilen bäsdeşlik mümkinçiliklerini artdyrmak ugrunda tagalla edýär.

Related posts

“NASA” Aýyň günorta polýusyna robot ugradýar

“Jetson One” elektrik ulagy uçmaga taýýar

Ata Watan Eserleri

Elektrikli ýük awtoulagyny haçan görmek bolar?