TEHNOLOGIÝA

“Google” umumy bahasy 2 trillion dollardan geçen ABŞ-nyň dördünji kompaniýasy boldy

“Google” kompaniýasynyň esasy firmalaryndan “Alphabet” ýakynda garaşylýandan has köp girdeji gazanandygyny habar berdi. Bu habardan soň kompaniýa 2 trillion bazar bahasyna ýetdi.

“Alphabet” kompaniýasy 2024-nji ýylyň birinji çärýeginde garaşylýandan has ýokary netijeler gazandy. Çap edilen maglumatlarda kompaniýanyň umumy girdejisiniň 80,54 milliard dollara ýetendigi mälim edildi.

“Google” kompaniýasynyň paýnamalary ýokarlanyp başlady. Şeýlelikde, “Google” ABŞ-da bazar bahasy 2 trillion dollara ýeten dördünji kompaniýa boldy.

“Microsoft”, “Apple” we “NVIDIA” kompaniýalaryndan soň, “Alphabet” ABŞ-nyň iň gymmatly dördünji kompaniýasydyr.

Related posts

Kosmos giňişligi üçin maýa goýumlar

Hünärmenler sanly enjamlaryň zyýanly täsirlerini düşündirdiler

Ýewropa Bileleşigi emeli intellekt üçin 200 milliardlyk maýa goýum meýilleşdirýär