TEHNOLOGIÝA

“Sony” we “Honda” bilelikde ulag öndürer

“Sony” we “Honda” ulag öndürýän şereketler bilelikde elektrikli maşyn öndürjek täze şereket döredip, onda ulag önümçiligine başlajakdyklaryny habar berdi.

Täze şereket elektrikli ulaglary dizaýnlaşdyrmak, meýilnamalaşdyrmak, öndürmek we satmak bilen meşgullanar. Halkara bazarda şereketiň ilkinji elektrikli ulagy 2025-nji ýylda peýda bolmagyna garaşylýar. Şereketleriň arasynda baglaşylan ylalaşyga görä, “Honda” şereketi ulagy öndürip çykarmak kuwwatyny hödürlär, “Sony” şereketi mobil hyzmatlar platformasyny döreder.

Bilşimiz ýaly, “CES 2020” sergisinde “Vision-S” konsepsiýasyny mälim edipdi. Şu ýylyň ýanwar aýynda bolsa şereket “Honda” bilen bilelikde elektrikli ulaglary öndürjek “Sony Mobility Inc” kompaniýasyna öwrüljekdigini yglan etdi. Häzirlikçe bu şereketiň öndürjek ulaglaryna talaplar kän däl, emma talaplar ýuwaş-ýuwaşdan köpelmegine dowam edýär.

 

«Petronas» işe çagyrýar

Ýene-de okaň

BAE 15 ýaşdan kiçi çagalara sosial ulgamlary ulanmagy gadagan etdi

Täze kuwwatly ýük teplowozy gelip gowuşdy

Türkiýe emeli aň taslamalary üçin 10 milliard dollar hususy maýa goýumyny gönükdirer

“TEX” sanly logistika platformasy işe girizildi

ABŞ Türkmenistan bilen emeli aň ulgamynda hyzmatdaşlyga taýýar

«Türkmentelekomyň» garamagynda Emeli aňyň ösüşi boýunça Merkezi döretmek göz öňünde tutulýar