TEHNOLOGIÝA

“Apple Car” üçin ýene bir ädim

Bilşimiz ýaly, tehnologiýa dünýäsiniň meşhur şereketleriniň biri bolan “Apple” şereketi elektrikli ulag öndürmek isleýär. Munuň üçin şereket birnäçe firmalar bilen görüşýär. Ulag üçin gerekli bolan elektrikli batareýany almakda şereket taýwanly ýa-da günorta koreýaly firmalar bilen iş alyp barmak isleýär. Biz bu elektrikli ulagyň öndürilmegi üçin, iň azyndan 3-4 ýyl sabyr edip garaşmaly bolýarys.

Akylly telefon bazarynda elektrikli ulagy öndürmegi arzuw edýän ýene-de birnäçe şereketler bar. Olaryň başynda bolsa “Xiaomi” şereketi gelýär. Hytaýly şereketiň elektrikli ulagy öndürmek işlerine eýýäm başlandygyny biz bilýäris. Biz hem akylly telefon bazarynda bäsdeş bolan şereketleriň elektrikli ulag bazarynda hem bir-birlerine ýene-de bäsdeşlik etjekdiklerini takmyn edýäris.

 

Maksat  TAGANOW,

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň

žurnalistika hünäriniň talyby.

 

Ýaponiýada suw joşmak howpy barha artýar

 

 

Ýene-de okaň

BAE 15 ýaşdan kiçi çagalara sosial ulgamlary ulanmagy gadagan etdi

Täze kuwwatly ýük teplowozy gelip gowuşdy

Türkiýe emeli aň taslamalary üçin 10 milliard dollar hususy maýa goýumyny gönükdirer

“TEX” sanly logistika platformasy işe girizildi

ABŞ Türkmenistan bilen emeli aň ulgamynda hyzmatdaşlyga taýýar

«Türkmentelekomyň» garamagynda Emeli aňyň ösüşi boýunça Merkezi döretmek göz öňünde tutulýar