Häzirki döwürde ata Watanymyz ähli ulgamlarda, şol sanda ýangyç-energetika toplumynda hem giň gerimli özgertmeleri üstünlikli amala aşyrýar. Şunda ykdysadyýetiň durnukly ösüşi, ýurdumyzyň mundan beýläk-de öňe gitmegi we gülläp ösmegi hem-de halkymyzyň rowaçlygynyň üpjün edilmegi üçin nebitgaz senagatynyň ägirt uly mümkinçiliklerini netijeli ulanmak milli strategiýanyň möhüm ugry bolup durýar.
“Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynyň” tassyklanylmagy ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşiň täze sepgitlerine tarap yzygiderli öňe gitmegine gönükdirilen maksatlara ýetmegiň ýolunda ädilen ähmiýetli ädim boldy.
Ýurdumyzda nebitgaz we mineral serişdeler pudagynyň mundan beýläk hem ilerlemegi üçin ýurdumyzda uly tagallalar amala aşyrylýar.
Nebitgaz pudagynyň ösdürilmegi bilen täze pudaklar emele gelýär. Olar himiýa pudagy bilen baglanyşyklydyr. Şolaryň biri-de geohimiýadyr. Geohimiýa beýleki geologiki ylymlara garanyňda ýaş ylymdyr, XX asyrda dörändir, ýagny tebigy ylymlaryň özbaşdak pudagydyr. Geohimiýa häzirki zaman geologiýanyň iň kyn, çylşyrymly meselelerini çözmek üçin we ýer gabygyndaky mineral baýlyklaryny ulanmak üçin, fizikanyň, himiýanyň gazanan üstünliklerini giňden ulanylýar.
Geohimiki ylmy taýdan ýer gabygynyň himiki düzümi we hemme planetalaryň düzümini öwrenýär, ýagny himiki elementleriniň ýaýraýşyny, hereketlerini we emele gelişini öwrenýär.
Geohimiýa himiki elementleriniň ýeriň düzüminde, özüniň alyp barşyny, nähili görnüşde duşýandygyny, başdan aýak onuň taryhyny öwrenýär.
Geohimiýanyň kömegi bilen, tebigy ylymlar üçin uly ähmiýeti bar bolan meseleleri çözüp bolýar. Olaryň hatarynda himiki elementleriň emele gelişi, himiki elementleriň durnuklylygyny we olaryň ýaýraýşy ýaly ugurlar bardyr.
Geohimiýada has giňden ýaýran fiziki usullardan spektral, rentgenospektral, rengenestruktur, elektronoggrafiýa, radiometriýa, izotopli, lýumenesensiýa, magnitohimiýa peýdalanylýar.
Umuman, ýurdumyzda ähli pudaklarda bolşy ýaly, nebitgaz pudagynda hem ylmyň soňky gazananlaryny ornaşdyrmak, ylmy önümçiligi giňeltmek ugrunda tagallalar edilýär. Şonup netijesinde, ýerasty baýlyklary giňden öwrenmek möhüm bolup durýar. Bu ugurda käbir ylmy düşünjeleriň ähmiýeti uludyr. Şolaryň biri hem geohimiýadyr.
Merjen Allagulyýewa,
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň
Geologiýa fakultetiniň Geologiýa we geohimiýa kafedrasynyň mugallymy.
