JEMGYÝET

Türkmenistanyň Prezidenti Gazagystanyň halk gahrymanlaryny hatyralady

Şu gün irden iri halkara çärelere gatnaşmak, şeýle-de doganlyk ýurda ilkinji döwlet saparyny amala aşyrmak maksady bilen Gazagystanda bolýan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Astana şäherinde ýerleşýän Watan goragçylarynyň ýadygärligine gül goýmak dabarasyna gatnaşdy. Bu ýerde Astana şäheriniň häkimi döwlet Baştutanymyzyň ýanynda boldy. Bu barada “Türkmenistan” gazetiniň elektron neşiri habar berdi.

«Watan goragçylary» meýdançasynda ýerleşýän ýadygärligiň etegine gül dessesini goýup, döwlet Baştutanymyz Gazagystanyň halk gahrymanlaryny hatyralady.

Gazagystanda ýaşaýan ähli halklaryň jebisligini alamatlandyrýan Watan goragçylarynyň ýadygärligi 2001-nji ýylda açyldy. Esasy meýdançadaky suw çüwdürimleri, barelýeflerdäki batyrgaý keşpler, ýas tutýan enäniň heýkeli we «Baky ot» halkyň edermenligini ýada salýar. Gazagystana sapar bilen barýan daşary ýurtlaryň döwlet Baştutanlarynyň bu ýadygärlige gül desselerini goýmaklary asylly däbe öwrüldi.

Halk gahrymanlaryny hatyralamakdan soňra, «Akorda» köşgünde belent mertebeli türkmen myhmanyny resmi taýdan garşylamak dabarasy bolar. Bu ýerde Türkmenistanyň we Gazagystanyň döwlet Baştutanlarynyň gatnaşmagynda ikiçäk hem-de giňişleýin düzümde türkmen-gazak gepleşikleri geçiriler. Ýokary derejeli duşuşygyň jemleri boýunça ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy hemmetaraplaýyn ösdürmäge gönükdirilen möhüm resminamalar toplumyna gol çekilmegine garaşylýar.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň raýatlaryna Hytaýyň ilçihanasyna resminama tabşyrmagyň günleri köpeldildi

Arkadag lukmançylyk klasteri “Kids EXPO” sergisinde tanyşdyrylar

Oguljahan Atabaýewa «Arkadag Medisina Klasteri» toplumynyň gurluşygynyň barşy bilen tanyşdy

Ýylyň duşuşygy: Putin bilen Tramp duşuşýar

Ata Watan Eserleri

BMG-niň Awaza forumynyň netijeleri: sanlar we maglumatlar

Türkmenistanyň Prezidenti Hindistanyň Garaşsyzlyk gününi gutlady