SIZDEN GELENLER

Ki­tap — ýü­rek­deş dost

Ki­tap ada­myň ru­hy dün­ýä­si­ne eg­silmez güýç-kuw­wat ber­ýär. Geç­mi­şi­mi­ze na­zar aý­la­sak, ru­hy baý hal­ky­my­zyň kita­ba bo­lan söý­gü­si­niň, hor­ma­ty­nyň näde­re­je­de be­ýik­di­gi­ne gu­ba dü­ýe­si­ni bir ki­ta­ba çal­şan ata-ba­ba­la­ry­my­zyň bo­landy­gyn­dan hem göz ýe­tir­ýä­ris. Kalp­la­ra bar­ýan ýol ki­tap­lar­dan göz­baş al­ýar. Ki­tap — bi­li­miň çeş­me­si.

Ynsan durmuşy okamak, öwrenmek, akyl ýetirmek ýaly peýdaly endikler bilen berk baglanyşyklydyr. Elbetde, adamyň akyl­düşünjesiniň giň bolmagy üçin bolsa okamagyň, has takygy, kitabyň orny uludyr. Kitap okamak adamyň beýnisini işjeň ýagdaýa getirýär. Beýniniň işlemegi bolsa garrylygy birneme yza süýşürýär.

Dünýädäki iň uly kitaphana 1800-nji ýylda döredilen ABŞ Kongresiniň kitaphanasydyr. 2012-nji ýylda onuň gaznasyndaky kitaplaryň sany 155,3 milliona barabardy. Kitaphananyň umumy meýdany 26,14 ga bolup, kitap tekjeleriniň uzynlygy 856 kilometr.

Hindistanyň Amritsar şäherindäki kitaphana bolsa dünýäniň iň kiçi kitaphanasy hasaplanylýar. Onda bary-ýogy bir sany mukaddes kitap saklanylýar.

Berdi Kerbabaýewiň bellpä geçişi ýaly, kitap seni dünýäniň meşhur adamlary, alymlary, ýazyjylary, hudožnikleri, kompozitorlary bilen islän wagtyňda duşuryp, islän çagyňda sözleşdirip biler. Kitap saňa dürli ylymdan ders berer. Kitap seniň iň gadyrdan dostuňdyr. Kitap hiç wagt garramaýan, hemişe juwan, hemişe seniň gullygyňa häzir bir wepaly hyzmatkärdir. Sen haýsy döwrüň taryhyndan, haýsy milletiň gylyk-häsiýetinden, haýsy döwletiň ykbalyndan heň buýursaň, kitap seniň arzuwyňy ýerine ýetirýän, gijä, gündize parh goýmaýan, ýadamany, armany bilmeýän, aýdym aýdyp, saz çalyp berýän hoş owaz bir bagşydyr. Kitap göwnüňde pos bolsa, bulgur ýaly durlar, şähtiňe ganat beslär, ýetmeziň, ýalňyşyň bar bolsa sypaýyçylyk bilen görkezer, gandyrar, ynandyrar, indi ýörejek ýoluňa sönmez şöhle saçar. Kitap duşmany tanamaga, bet pirimi aňlamaga, hüşgär bolmaga ýol salgy berýän, Watanyňy, halkyňy wepaly ýaryňy, ata-eneňi, dogan-garyndaşyňy, edýän işiňi söýdürýän, ruhyňy göterýän bir ylhamdyr.

Kitap durmuşymyzyň bezegi. Kitaplaryň syrly dünýäsi bar. Ol dünýäniň syrlaryny açmak okyjynyň paýyna düşýär. Munuň üçin bolsa, diňe kitaby dost tutunyp okamak gerek. Kitap okamak ynsanlaryň dünýägaraýşyny giňeldýär, pikirlenişini ösdürýär. Ynsanyň ýakyn we ynamdar dosty bolan kitaplar barada biläýmeli zatlarymyz kän.

Täzegül Orazgylyjowa,

Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň

Jemagat infrastrukturasy we inžener ulgamlary fakultetiniň 1-nji talyby.

 

Ýene-de okaň

Energetika howpsuzlygy-durnukly ösüşiň kepili

Nebitgaz pudagy – ykdysadyýetiň daýanjy

Ata Watan Eserleri

Telekeçiligi ösdürmek – esasy ugur

Bedewler – türkmeniň buýsanjy

Ylym-bilim – bagtyýar geljegiň şamçyragy

Türkmeniň keçe sungaty – taryhy sungat

Ata Watan Eserleri