Şu gün Gazagystanyň paýtagty Astana şäheriniň Kongres merkezinde Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi öz işine başlady. Ilki bilen, Arkalaşyga agza ýurtlaryň Liderleriniň dar düzümdäki mejlisi geçirilýär. Soňra sammitiň işi giňeldilen düzümde dowam eder. Nobatdaky ýokary derejeli duşuşyga Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow hem gatnaşýar.
Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew GDA-nyň sammitini açyp, ilki bilen Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowy ilkinji gezek bu sammite gatnaşýandygy bilen gutlady.
– Hormatly Serdar Gurbangulyyewiç! Men öz adymdan we şu ýere ýygnanan kärdeşlerimiziň adyndan Sizi bu sammitde hoş gördük hem-de Size dostlukly türkmen halkynyň bagtly geljegi ugrunda alyp barjak jogapkärli döwlet işiňizde uly üstünlikleri arzuw edýaris – diýip, Gazagystanyň Prezidenti belledi.
Şu günler Gazagystanyň paýtagty yklym ähmiýetli iri çäreleriň geçirilýän ýeri hökmünde dünýäniň nazaryny özüne çekýär. GDA-nyň şu gezekki sammiti bolsa pandemiýadan soňky döwürde gurama agza döwletleriň tas ählisiniň Baştutanlaryny ýüzbe-ýüz görnüşde bir meýdança jemledi. Şolaryň hatarynda Azerbaýjanyň, Ermenistanyň, Belarusuň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Russiýanyň, Türkmenistanyň, Täjigistanyň, Özbegistanyň Liderleri we GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň başlygy ― Ýerine ýetiriji sekretary Sergeý Lebedew bar.
Sammitiň dowamynda taraplar Arkalaşygyň giňişliginde özara gatnaşyklaryň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşarlar, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda, şol sanda howpsuzlyk meselelerinde goşulyşmak işlerini mundan beýläk-de ösdürmäge we berkitmäge gönükdirilen resminamalaryň birnäçesini kabul ederler. Hususan-da, howpsuzlyk ulgamynda özara hereketleri pugtalandyrmak maksady bilen, döwlet Baştutanlary tarapyndan 2023 ― 2025-nji ýyllarda terrorçylyga we ekstremizme garşy göreşmegiň Hyzmatdaşlyk maksatnamasy tassyklanylar. Şeýle-de Gazagystanyň başlangyjy bilen medeniýet ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmek hakynda Beýannamany kabul etmek meýilleşdirilýär.
Astana duşuşygynyň dowamynda 2023-nji ýylda GDA-da başlyklyk etmegi Gyrgyz Respublikasyna geçirmek we geljekki sammitiň Bişkek şäherinde guralmagy hakynda çözgüt hem kabul ediler.