SIZDEN GELENLER

Gahryman Arkadagymyzyň täze sowgady

Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň köp ýyllyk ylmy-ensiklopedik işi bolan «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli eseriniň XIV jildi çapdan çykdy. Lukman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik eseriniň XIV jildiniň çapdan çykmagy ýurdumyzda giňden bellenilýän Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň gününde ulgamyň işgärleri üçin ajaýyp baýramçylyk sowgady boldy.

Kitabyň täze jildinde hem sahawatly topragymyzda ösýän 118 sany dermanlyk ösümlikleri barada doly we düýpli maglumatlar berilýär.

Alym Arkadagymyz kitabynyň girişinde türkmen topragyndaky ösýän 2000-den gowrak dermanlyk ösümlikleriniň halk lukmançylygynda ulanylýandygyny, olaryň 500-den köpräginiň Türkmenistanyň florasynyň endemikleri hasaplanylýandygyny belleýär. Şonuň üçin Türkmenistanyň endemik dermanlyk ösümlikleri bilen baglanyşykly türkmenleriň halk lukmançylygyndaky gadymy däplerini göz öňünde tutup, olary ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girmäge hut mynasyp diýip hasaplaýandygy baradaky pikirini öňe sürýär.

«Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly ylmy iş daşary ýurtly hünärmenlerde uly gyzyklanma döredýär. Çünki onuň sahypalarynda dermanlyk ösümlikleriň bejeriş aýratynlygy, olary ylmy we halk lukmançylygynda peýdalanmagyň usullary barada giňişleyin gürrüň berilýär.

Bu kitabyň dünýäniň dürli dillerinde terjime edilmegi neşiriň örän gymmatlydygynyň we meşhurlyga eýe bolýandygynyň aýdyň subutnamasydyr. Millionlarça okyjylara niýetlenen dermanlyk ösümlikleriň we halk lukmancylygynyň özboluşly ensiklopediýasy bolan bu neşir adamzat medeniýetiniň hazynasyna, şol sanda lukmançylyk ulgamyna ägirt uly goşant goşan türkmen halkynyň köp asyrlyk tejribesi we ýörelgeleri bilen tanyşmaga ýardam edýär.

Kitapda her bir ösümligiň maglumatlary özboluşly suratlar bilen utgaşdyrylýar. Kitabyň sorag-jogap bölüminde olaryň dermanlyk aýratynlyklarynyň görkezijisi, dermanlyk ösümlikleriň atlarynyň rus-latyn-türkmen sözlügi, serişdeleri ýygnamagyň we saklamagyň möhletleriniň senesi ýerleşdirilipdir.

“Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly kitap türkmen ösümlik dünýäsiniň özboluşly ensiklopediýasy bolmak bilen, şu geçen ýyllaryň içinde diňe ýurdumyzyň derman senagatynyň işgärleri we lukmanlary üçin däl-de, eýsem, kitabyň dürli dillere terjime edilmegi netijesinde, onuň bilen tanyşmak mümkinçiligine eýe bolan daşary ýurtly hünärmenler üçin hem bahasyna ýetip bolmajak gollanma öwrüldi.

Kitabyň esasy maksady lukmançylyk ulgamynyň işgärlerine, dermanlyk çig mallary taýýarlaýanlara we ýygnaýjylara dermanlyk ösümlikler barada öz bilimleriniň üstüni ýetirmek, olaryň gurluşy, bitýän ýerleri, ýaýraýşy, himiki düzümi, ösüş şertleri, lukmançylyk tejribesinde peýdalanylyşy, şeyle-de, ýygnamaklygyň möhleti, usullary, saklamaklygyň düzgünleri, ekologik ähmiýetliligi baradaky maglumatlary giňeltmekden ybaratdyr.

Türkmen topragynda bitýän dermanlyk ösümlikleriň ylmy taýdan beýan edilmeginiň dowamy bolan bu ylmy işde dermanlyk ösümlikleriň biologiki we himiki aýratynlyklary giňden häsiyetlendirilýär. Dürli keselleri bejermek üçin otlardan, ýapraklardan, miwelerden, dermanlyk ösümlikleriň köklerinden dermanlary taýýarlamagyň we ulanmagyň ugurlary salgy berilýär, olaryň her biriniň häsiýeti, ýaýraýyş aýratynlygy, tebigy gory, dermanlyk çig maly, himiki düzümi, peýdalanylyşy barada anyk we doly maglumatlar berilýär.

Bossan Hajyýewa,

Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň

Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasynyň mugallymy.

 

 

Ýene-de okaň

Energetika howpsuzlygy-durnukly ösüşiň kepili

Nebitgaz pudagy – ykdysadyýetiň daýanjy

Ata Watan Eserleri

Telekeçiligi ösdürmek – esasy ugur

Bedewler – türkmeniň buýsanjy

Ylym-bilim – bagtyýar geljegiň şamçyragy

Türkmeniň keçe sungaty – taryhy sungat

Ata Watan Eserleri