SENIŇ TÄLEÝNAMAŇ

09-njy oktýabr ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

Hormatly okyjylarymyz!

Üns beriñ!   Egerde  araňyzda  daşary ýurtda  bilim almak isleýänleriňiz bar bolsa, resminamalaryň terjimesi üçin  Makul Hyzmat Terjime Merkezine ýüz tutup bilersiňiz. Onuň salgysy: Aşgabat şäheri, Ankara köçe 25,  (Aýtakow-Ýubileýniý), A Blok, 401

Habarlaşmak üçin…. +993 63 78-96-73,  96-48-55

E: Mail :   makulhyzmat@gmail.com 

 Siz hem öz ýyldyzyňyza görä, täleýnamaňyz bilen gyzyklanýan bolsaňyz,  onda www.atavatan-turkmenistan.com internet saýtyndan daşlaşmaň.  Her bir täleýnama baradaky gysgaça maglumatlary almak isleseňiz, onda şu ýere basyp okap bilersiňiz.

Siz saýtymyzyň “Seniň Täleýnamaň” sahypasyna girip, gündelik täleýnamalary okap bilersiňiz! Siz täleýnamany has aňsat okamak üçin Google Plaý Marketden şu ýere basyp Applikasiýany ýükläp alyp, bildiriş sazlamalaryndan täleýnamalar baradaky habar saýtymyza girilen dessine Siziň telefonyňyza bildiriş geler ýaly sazlaň!

Mähriban okyjylar! Doglan senäňize degişli ykbal ýyldyzlarynyň häzirki wagtda durmuşyňyza nähili täsir edýändigi, geljegiňiz baradaky biraz maglumatlary bilesiňiz gelse, size 09-njy oktýabrdaky täleýnamaňyzy hödürleýäris. 

Şeýle-de gadyrly okyjylar, siz islendik ýyldyzyňyzyň suratynyň üstüne basyp, ol baradaky giňişleýin maglumatlary okap bilersiňiz.

Hamal (guzy 21.03 — 20.04)

Dawa-jenjellere girmeli däl, ýoldaşyňyz bilen gatnaşykda giňligi saklamaly. Söwda bi gün size şatlyk getirmez we peýdasyz bolar. Islendik hyzmatdaşlyk oňyn netijeleri bermez. Dürli güýmenjelerden ýüz öwüriň, günüňizi öýde geçirip, dynç almak has gowudyr.

Sowur (öküzçe 21.04 — 20.05)

Ýakynlar bilen dawa-jenjelleri aradan aýyrmak üçin şu gün gündelik işler bilen mesgullanmak we ýekelikde işlemek has gowudyr. Beýle etmek bilen siz has rahatlanarsyňyz. Özüňiziň we maşgalaňyzyň abadançylygyna üns bermeli. Pyýada ýöremek bu gün size oňyn täsir eder.

Jöwza (ekizekler 21.05 — 21.06)

Söýgi gatnaşyklarynda düşünişmezlik ýüze çykyp biler. Şonuň üçin seresaply boluň we ýoldaşyňyzyň pikirini diňlemegi başaryň. Bu gün jemgyýetçilik çäreleri, dostlaryňyz bilen duşuşmak üçin amatly däl. Döredijilik, sport bilen meşgullanyň.

Seretan (leňňeç 22.06 — 22.07)

Seretanlar üçin bu gün kyn bolup biler. Ene-atalar bilenem, maşgala arasynda-da gatnaşyklarda düşünişmezlikler döräp biler. Günüň birinji ýarymy öý meselelerini çözmek üçin amatly, ýöne soň dynç almak has gowudyr.

Eset (ýolbars 23.07 — 23.08)

Bu gün esetler juda köp gürlärler, ýöne garşyňyzdaky adamyň emosional we öýkelek bolmagy mümkin. Hawa, bolgusyz zatlar sebäpli şu gün nägileligiňizi bildirip durarsyňyz. Söwda etmek üçin bu gün amatsyz, diňe zerur zatlaryňyzy aljak boluň. Bu gün gezelençleri meýilleşdirmezlik has gowudyr.

Sünbüle (gyz 24.08 — 23.09)

Häzirki wagtda hyzmatdaş bilen bilelikde edýän işiňizde üýtgeşmeler bolup biler. Bu gynansakda, käbir düşünişmezlikleriň emele gelmegine sebäp bolup biler. Tagamly, süýji bir zat satyn alyň, bu sizi begendirer. Jemgyýetçilik naharhanalaryna gitmekden gaça duruň.

Mizan (terezi 24.09 — 23.10)

Bu gün mizanlar iş babatynda özüne edilýän islendik teklibi ret edip biler we sizi razy etmek gaty kyn bolar. Jedellere girmeli däl. Güýmenjelerden, isrip etmekden ýüz öwüriň. Bilelikdäki iş bu gün öndürijilikli bolmaz.

Akrap (içýan 24.10 — 22.11)

Bu gün saglyga üns bermelidiris. Seresap boluň, gögermeleriň we şikesleriň bolmagy ähtimal. Garyndaşlar hem abadançylygyndan zeýrenip bilerler. Öý işleri meselesi, garaşyşyňyzdan hem has köp bolup biler. Ýöne şonda-da häzir diňe zerur zatlary ediň. Galan wagt, dynç, güýç alyň.

Kowus (keman 23.11 — 21.12)      

Häzirki wagtda şahsy durmuş birinji orunda durýar. Belki size söz aýdýanlaryň biri bilen gatnaşyklary bes edersiňiz. Çagalara basyş etmezlige synanyşyň, häzirki ýagdaýďa olar öz isleýişleri ýaly hereket etseler gowy bolar.

Jedi (owlak 22.12 — 20.01)

Günüň birinji ýarymynda öý işlerini edip bilersiňiz, ikinji ýarymynda dynç almak has gowudyr. Bu gün energiýaňyz az bolar, şonuň üçin gezelenç etmek, telewizora tomaşa etmek has gowudyr. Garyndaşlaryňyz bilen jedelleşmäň, her biriňiz henizem öz pikiriňizde galarsyňyz.

Daluw (gowa 21.01-20.02)

Aragatnaşyk köp bolup biler, ýöne onuň lezzet bermegi gaty ähtimal. Meýilleşdirilen syýahatyňyz ýatyrylyp ýa-da ýolda gijikdirmeler bolup biler. Okamak üçin iň amatly gün däl, maglumatlary ýatda saklamak kyn bolar.

Hut (balyk 21.02 — 20.03)

Bu gün pul hakda pikir edersiňiz. Gymmat, uly bir zat satyn almak isleýärsiňiz. Emma bu söwda üçin iň amatly gün däl. Soňra eden hereketleriňize ökünip bilersiňiz. Hyzmatdaş bilen bilelikde býudjet we çykdajylar barada dawa-jenjel bolup biler. Söhbetdeşlik wagtynda sözleriňizi saýlaň.

Ýene-de okaň

01-nji Sentýabr ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

31-nji Awgust ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

30-njy Awgust ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

2024;Hepdelik täleýnama (26-njy awgust-1-nji sentýabr )

27-nji Awgust ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

26-njy Awgust ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama