SPORT

Türkmen türgeniniň Aziýa çempionatyndaky bürünç medaly

Bahreýn Patyşalygynda agyr atletika boýunça Aziýa çempionaty geçirilýär. Oňa Türkmenistanyň türgenleri hem gatnaşýar. Türkmenistanyň türgeni we şol bir sanda dünýä çempiony Ýulduz Jumabaýewa özüniň bu çempionatdaky nobatdaky medalyny gazandy.

49 kilogram agramda zenanlaryň arasynda geçirilen ýaryşda çykyş eden ildeşimiz Ýulduz Jumabaýewa ozalky gazanan medallarynyň üstüni täze bir medal bilen ýetirdi.

Ol umumylykda 172 kilogram agramy galdyryp, iki sany bürünç medalyň eýesi boldy. Türkmen türgeni Hytaýyň we Hytaýyň Taýbeý sebitiniň türgenleri Jiali Wan we Szin Ling Çenden yzda galdy.

Şeýle hem şu gün ildeşlerimizden Kristina Şermetowa hem-de Ihtiýor Matkerimow baýrakly orunlar üçin bäsleşerler.

Related posts

Günüň suraty: Messi-Suares-Buskets-Alba

Türkmenistanly hünärmen Aziýa Kubogyna (U20) gatnaşmaga mümkinçilik aldy

Ýewro-2020: Ukrainadan garaşylmadyk üstünlik

Leave a Comment