DÜNÝÄ

Türkmenistanyň Prezidenti Pakistanyň ýolbaşçylaryna gynanç bildirdi

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Pakistan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Arif Alwä we Pakistan Yslam Respublikasynyň Premýer-ministri Mian Muhammad Şahbaz Şarife ýurtda ýagan güýçli ýagyşlaryň netijesinde, köp sanly adam pidalaryna we şikes ýetmelere hem-de uly möçberli weýrançylyklara getiren suw joşgunlary zerarly gynanç hatyny iberdi.

Türkmenistanyň Prezidenti şu agyr pursatda ýurdumyzyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan gurban bolanlaryň maşgalalaryna, dogan-garyndaşlaryna hem-de ýakynlaryna çuňňur gynanjyny we medet beriji sözlerini ýetirdi, ejir çekenlere bolsa tiz wagtda sagalmaklary baradaky dileglerini beýan etdi.

Related posts

Türkmen sazandalary Sinandali klassyky saz festiwalyna gatnaşýarlar

Ýer bilen kosmos arasynda küşt oýny

Beýik Britaniýa we Mongoliýa eýrek duş gelýän metallar boýunça hyzmatdaşlyk eder