DÜNÝÄ

Şazada aýaly Diananyň awtoulagy satyldy

Beýik Britaniýanyň şazada aýaly Diananyň awtoulagy auksionda satyldy. Beýik Britaniýada guralan auksionda “Ford Eskort” kysymly ulag 724 müň funt-sterlinge satyldy.

Diana bu ulagy 1985-1988-nji ýyllar aralygynda sürüpdi. Adatça, ulagyň bu görnüşi ak reňkde öndürilipdi. Ýöne Diananyň haýyşy bilen ulagyň gara reňki öndürildi.

Diananyň muşdaklary 31-nji awgustda geçiriljek ýatlama gününe garaşýarlar. Mälim bolşy ýaly, 1997-nji ýylyň 31-nji awgustynda şazada aýaly Diana ýol-ulag heläkçiliginde aradan çykypdy.

 

Related posts

Türkmen-hytaý strategiki hyzmatdaşlygynyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy

Ata Watan Eserleri

Wengriýada ýokary bilim we magistratura mümkinçiligi

vepa

Türkmenistanyň Prezidenti Tailandyň Patyşasyny gutlady