BIZNES

Birža täzelikleri:türk işewürleri suwuklandyrylan gaz satyn aldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 20-si hasaba alyndy.

Daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirlikleriniň işewür toparlarynyň wekilleri Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen uçar kerosinini, Türkiýäniň we Owganystanyň telekeçileri bolsa “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen suwuklandyrylan gazy satyn aldylar. Geleşikleriň umumy bahasy ABŞ-nyň 5 million 475 müň dollaryna barabar boldy.

Ýurdumyzyň telekeçileri içerki bazar üçin jemi bahasy 14 million 247 müň manatdan gowrak “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen ýokary dykyzlykdaky polietileni, gurluşyk serişdelerini, plastik önümleri, şeýle-de el halylaryny satyn aldylar.

Related posts

2023-nji ýylda şaly öndürmek üçin degişli resminama gol çekildi

Gazagystan bilen Özbegistan 2 milliardlyk şertnama baglaşdy

Mätäçlik çekýän adamlar üçin ýaşaýyş jaýlaryny gurmaga serişdeler

Dr.Döwran Orazgylyjov