JEMGYÝET

Ýurdumyzda güýzlük bugdaý ekişine badalga berler

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisi geçirdi. “Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçilişi ýaly, Türkmenistanyň Prezidenti şu ýylyň 2-nji sentýabrynda Türkmenistanda güýzlük bugdaý ekişine köpçülikleýin girişilmegine ak pata berdi.

Türkmenistanyň Prezidenti ekiş möwsümini öz wagtynda, ýokary hilli hem-de guramaçylykly geçirmegiň wajypdygyny aýdyp, gallaçylara hem-de oba hojalygynyň ähli zähmetkeşlerine berk jan saglyk, bagtyýar we abadan durmuş, mähriban topragymyzda bereketli hasyl ýetişdirmekde uly üstünlikleri arzuw etdi.

 

 

Related posts

Türkmenistanyň Prezidenti Türkiýe resmi sapar bilen çagyryldy

Türkmenistan koza üretiminde hedefe ulaştı

vepa

Aşgabatda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi geçirilýär