JEMGYÝET

Türkmenistanyň Prezidenti Türkiýe resmi sapar bilen çagyryldy

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-türk toparynyň nobatdaky mejlisine gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen  Türkiýe Respublikasynyň wise-prezidenti Fuat Oktaýy kabul etdi.

“Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçilişi ýaly, wise-prezident Fuat Oktaý Türkmenistanyň Prezidentine Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň mähirli salamyny we hormatly Prezidentimize özi üçin amatly bolan wagtda Türkiýe Respublikasyna sapar bilen görmäge iberen çakylygyny gowşurdy.

Duşuşygyň barşynda Türkmenistanyň Prezidenti we hormatly myhman ägirt uly mümkinçilikleri bolan türkmen-türk hyzmatdaşlygynyň geljekki ugurlary boýunça pikir alyşdylar.

 

Türkiýe Türkmenistan bilen haryt dolanyşygyny 10 milliard dollara ýetirmekçi

Fuat Oktaý: türkmen tebigy gazyny dünýä bazaryna çykarmaga taýýardyrys

 

Ýene-de okaň

Türkmen halkynyň Milli Lideri zähmet rugsadyna çykdy

Ata Watan Eserleri

Aşgabatda Çagalary goramagyň halkara güni bellendi

TÜRKSOÝ-dan türkmen halysyna ýörite diplom gowşuryldy

“PSŽ” topary Çempionlar ligasynyň kubogyny gazandy

«Aýdyň Gijeler» hojalyk jemgyýetine Eswatinide önümçilik üçin ýer berilýär

Owganystanyň Premýer-ministri: Türkmenistan Owganystanyň daşary syýasatynda aýratyn orun eýeleýär