SPORT

Türkmen türgenleri Awazada sylaglanar

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde Russiýada geçirilen ralli ýaryşynda we Özbegistanda geçirilen agyr atletika çempionatynda ýeňiş gazanan türgenleri sylaglamak dabaralarynyň geçiriljekdigi habar berildi.

“Watan” habarlar gepleşiginde bellinilip geçilişi ýaly, şu ýylyň 3-nji awgustynda “Awaza”  milli syýahatçylyk zolagynda Russiýa Federasiýasynyň Astrahan — Moskwa şäherleriniň aralygynda geçen «Ýüpek ýoly — 2022» halkara ýaryşynda üstünlikli çykyş eden türkmen türgenleri we Özbegistan Respublikasynyň Daşkent şäherinde agyr atletika boýunça ýetginjekleriň we ýaşlaryň arasynda geçirilýän Aziýa çempionatynda ýeňiji bolan agyr atletikaçy türgenleriň ýurdumyzyň ýolbaşçylarynyň adyndan gymmatbahaly sowgatlaryň gowşurylyş dabarasy geçiriler.

Mälim bolşy ýaly, Türkmen ekipažlarynyň «Ýüpek ýoly — 2022» halkara rallisiniň T2 ýaryşlarynda üstünlikli çykyş edendiklerini bellemek gerek.

Ýurdumyzyň agyr atletika boýunça ýetginjekler we ýaşlar ýygyndysy bolsa, Özbegistanyň Daşkent şäherinde geçen Aziýanyň çempionatynda jemi 20 medala mynasyp boldy.

 

 

Awazada täze kottežler toplumy açylar

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň futbol çempionaty – 2026: möwsümiň öňüsyrasy toparlar düzümlerini güýçlendirdiler

Türkmen küştçüleri Buharada üstünlikli çykyş etdiler

Merkezi Aziýada ilkinji gezek suwdaky «Formula-1» dünýä kubogy Yssykköl sebitinde geçiriler

«Arkadag» topary bassyr ikinji ýyl Türkmenistanyň Kubogyny gazandy

TFF-niň Kubogy: finalda “Arkadag” hem-de “Şagadam” toparlary duşuşar

2025-nji ýylyň jemleri: Elman Tagaýew möwsümiň “Iň ökde oýunçysy”