JEMGYÝET

Täze ýolbaşçylar bellendi

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde birnäçe guramaçylyk meselelerine hem garaldy.

“Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçilişi ýaly, Türkmenistanyň Prezidentiniň gol çeken resminamalaryna laýyklykda, täze ýolbaşçylar wezipä bellendi.

  • Begenç Hojagulyýewiç Goçmollaýew Türkmenistanyň söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri wezipesinde bellendi. Ol söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministriniň orunbasary wezipesinden boşadyldy.
  • Ýagmyr Döwletmyradowiç Nuryýew başga işe geçmegi sebäpli “Diýar” žurnalynyň baş redaktory wezipesinden boşadyldy.
  • Ýagmyr Döwletmyradowiç Nuryýew Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň “Türkmenistan” teleýaýlymynyň başlygy wezipesine bellenildi.
  • Işangulyýew Şirgeldi Işangulyýewiç işde goýberen düýpli kemçilikleri üçin Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň “Türkmenistan” teleýaýlymynyň başlygy wezipesinden boşadyldy.
  • Oguljennet Kakadurdyýewna Berdiliýewa Lebap welaýatynyň häkiminiň bilim, medeniýet, saglygy goraýyş we sport boýunça orunbasayr wezipesinde bellendi.
  • Agamyrat Baýramgeldiýewiç Haýytmyradow başga işe geçmegi sebäpli Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň “Türkmendeňizderýaýollary” agentliginiň başlygy wezipesinden boşadyldy.
  • Annadurdy Erkinowiç Kösäýew Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň “Türkmendeňizderýaýollary” agentliginiň başlygy wezipesine saýlandy.

“Ata Watan Dünýäde-2022”: WaÅŸingtona onlaýn syýahat

Related posts

Türkmenistanyň Prezidenti Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşdy

Türkmenistan awiagatnawlaryň ugurlaryny we sanyny köpelder

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan’da Yatırım Olanakları Awaza’da Tanıtıldı

vepa