SPORT

Aşgabatdaky Aziýa çempionaty noýabra süýşürildi

Aziýa Futbol Konfederasiýasy resmi saýtynda Aşgabatda geçiriljek futzal boýunça Aziýa çempionatynyň täze seneleri barada resmi ýagdaýda habar berdi. Federasiýanyň hem ýazyşy ýaly, türkmen paýtagtyndaky yklym ýaryşy şu ýylyň 4 ― 15-nji noýabry aralygynda geçiriler.

Mälim bolşy ýaly, çempionaty 26-njy fewral ― 8-nji mart aralygynda geçirmek meýilleşdirilipdi. Ýöne pandemiýa sebäpli, AFK-nyň onuň wagtyny näbelli aralykda yza süýşürdi we soňra çempionatyň 5 ― 16-njy awgust günlerinde geçirmek mümkinçiligini öňe sürdi. Indi bolsa konfederasiýa çempionatyň geçirljek günlerini ikinji gezek üýtgdeip, ony noýabr aýyna geçirdi.

AFK-nyň resmi saýtynda futbol we futzal boýunça başga-da birnäçe halkara ýaryşyň täze seneleri kesgitlenildi. Oňa görä, futzal boýunça klublaýyn yklym çempionaty 2 ― 13-nji dekabr aralygynda Birleşen Arap Emirliklerinde geçiriler. Bu ýaryşa ýurdumyzyň çempiony «Köpetdag» futzal topary gatnaşar.

Futbol boýunça AFK-nyň kubogy ugrundaky ýaryşyň toparçalaýyn duşuşyklarynyň hem merkezleşdirilen görnüşde geçirilmek ähtimallygynyň uludygyny habar beripdik.

Ýene-de okaň

Messi 6-njy gezek futbol boýunça dünýä çempionatyna gatnaşar

Gurban Berdiýew “Spartak” toparyna tälimçi bolmandygyna ökünýär

“Kristal Pelas” UEFA-nyň Konferensiýa ligasynyň kubogyny gazandy

Guwançmuhammet Öwekow CAFA-nyň wise-prezidentligine saýlandy

Türkmen türgenleri erkin göreş boýunça Aziýa çempionatynda 4 medal gazandy

Alp Arslan Begenjow Aziýanyň çempiony boldy