Hindistanda deputatlar ýurduň 15-nji Prezidentini saýlamak üçin saýlawlara gatnaşýarlar. Ýurduň iň ýokary döwlet wezipesi üçin 2 dalaşgär bäsleşýär. Olar – Milli-demokratik alýansyň dalaşgäri Draupadi Murmu hem-de “Ählihindi Trinamul” partiýasynyň dalaşgäri Ýaşwant Sinhdyr.
Ýurduň häzirki Prezidenti, ýagny 14-nji döwlet Baştutany Ram Nath Kowindiň wezipe möhleti 24-nji iýulda tamamlanýar. Şonuň üçin ýurtda saýlawlar geçirilýär.
Hindistanda döwlet Baştutany halk tarapyndan däl-de, parlament we welaýat mejlis agazalary tarapyndan saýlanýar. Saýlawlara ýurduň parlamentiniň 2 palatasy, şeýle hem 28 ştatyň we 2 territoriýanyň, ýagny sebit parlament wekilleri gatnaşýar. Jemi, 4,8 müň wekil saýlawlarda ses berýär.
Saýlawlaryň jemleri 21-nji iýulda mälim ediler. Sesleri sanamak düzgüni hem çylşyrymlydyr. Her bir saýlawçynyň sesiniň ähmiýeti onuň ýerleşýän ştatynyň ilatynyň sanyna görä kesgitlenýär.
