JEMGYÝET

Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistanda döwlet saparynda bolar

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň çakylygy boýunça 14-15-nji iýulda döwlet saparynda bolar. Bu barada Özbegistanyň Prezidentiniň metbugat gullugy habar berýär.

Ýokary derejedäki türkmen-özbek gepleşikleriniň gün tertibine iki ýurduň arasyndaky dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk we strategik hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny has-da pugtalandyrmaga degişli meseleleriň giň toplumy girizildi.

Esasy üns özara söwdanyň möçberini ýokarlandyrmak, senagat hyzmatdaşlygyny ýola goýmak, ulag we üstaşyr mümkinçiliklerde netijeli peýdalanmak, suw dolandyryş pudagynda möhüm taslamalary durmuşa geçirmek, sebitara gatnaşyklary güýçlendirmek ýaly ugurlara gönükdiriler.

Şeýle hem döwlet Baştutanlary halkara we sebit hyzmatdaşlygyna degişli meseleler boýunça pikir alşarlar.

Gepleşikleriň jemleri boýunça bilelikdäki beýanata we köp sanly ikitaraplaýyn resminamalara gol çekiler.

Türkmenistanyň Prezidenti saparynyň çäklerinde Özbegistan Respublikasynyň Oliý Mejlisinde gepleşikler geçirer we Samarkant şäheriniň owadan ýerlerini aýlanyp görer.

Mälim bolşy ýaly, bu saparyň öňüsyrasynda 1-2-nji iýulda Daşoguz şäherinde suw meseleleri boýunça bilelikdäki hökümetara toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi.

Şeýle hem şu gün Buhara şäherinde birinji türkmen-özbek sebitara forumy geçirildi.

 

Ýene-de okaň

“Kids Expo: ähli zat çagalar üçin” atly halkara sergi-ýarmarkasy

Türkmenistanda täze etraplaryň birnäçesini döretmek teklip edilýär

Türkmenistanyň parahatçylyk we ynanyşmak syýasaty boýunça Konstitusion kanun taýýarlanar

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi 19-njy sentýabrda geçiriler

Raşid Meredow Waşingtonda Marko Rubio bilen duşuşdy

Ata Watan Eserleri

Hormatly Prezidentimiz Wengriýanyň milli baýramyny gutlady