JEMGYÝET

Ykdysadyýet toplumy boýunça täze wise-premýer bellendi

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň halk hojalygynyň 6 aýynyň netijelerine seredildi.

“Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçilişi ýaly, Türkmenistanyň Prezidentiniň gol çeken resminamasyna laýyklykda Muhammetguly Muhammedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ykdysady, bank we halkara maliýe guramalary meseleleri boýunça orunbasary wezipesinden boşayldy.

Hojamyrat Geldimyradow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ykdysady, bank we halkara maliýe guramalary meseleleri boýunça orunbasary wezipesine bellendi.

Hojamyrat Geldimyradow Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň rektory wezipesinden boşadyldy.

Related posts

Türkmenistanyň Prezidenti HHR-iň Başlygy Si Szinpin bilen duşuşdy

Ata Watan Eserleri

Azerbaycan Cumhurbaşkanı, Türkmen Dışişleri Bakanı’nı kabul etti

vepa

Press release of MFA of Turkmenistan about Iranian vessel

vepa