Azyk önümlerini diňe ýurdumyzda satuwyna rugsat berlen ak bazarlardan, söwda merkezlerinden, dükanlardan we söwda nokatlaryndan almaly. Näbelli şertlerinde taýýarlanylan iýmit önümlerini satyn almaly däldigini ýatladýarys. Azyk önümlerini saýlap alanyňyzda, olaryň hil taýdan arassalygyna, terligine, ýaramlylyk möhletine üns bermeli.
Satyn alnan azyk önümlerini sowadyjyda saklamak zerur. Şunda çig önümlerden taýýarlanan tagamlar gaplanan ýagdaýda aýratyn saklanmaly. Mal, guş, towşan, balyk etini, beýleki tiz zaýalanýan önümleri bir ýerde goýmaly däl. Önümleriň howpsuzlygynyň düzgünlerini berk berjaý etmeli. Tiz zaýalanýan iýmit önümleriniň saklanyşynyň temperatura şertleriniň bozulmagyna ýol bermeli däl. Süýt we süýt önümleriniň saklanyşyna aýratyn üns bermeli.
Gaplanan gök önümler satyn alnanda, taýýarlanan we ýaramlylyk möhletine, gapagyna (ýellenenmi ýa-da ýok), bankadaky suwuna (bulançakmy ýa-da ýok) üns bermeli.
Aşhanada çig we taýýar iýmit üçin aýratyn tagtalary we pyçaklary ulanmaly. Öý bikesi çig eti dograýan we taýýar iýmit bilen işleýän mahaly ellerini ýuwup durmaly. Azyk önümleri, gap-çanak saklanylýan we nahar bişirilýän ýerler arassa bolmalydyr. Gök önümler, miweler iýilmezden öň gowy ýuwulmalydyr. Diňe arassalanan suwy ýa-da goragly çeşmeleriň suwuny ulanmak gerek. Tötänleýin duş gelen suwlardan içmek maslahat berilmeýär.
Aşhanada arassaçylygy saklamaly, hapalar we iýmit galyndylary öz wagtynda aýrylmaly, ýaşaýyş jaýlarynda arassaçylyk işlerini yzygiderli geçirip durmaly, aýratyn-da, kiçi ýaşly çagalar bar öýlerde oýnawaçlary çagalara bermezden öň gowy ýuwmaly.
Çagalary iýmitlendirmezden öň, elleriňizi sabyn bilen gowy ýuwmaly we diňe täze taýýarlanan çaga iýmitini bermeli. Çagalaryň gap-gaçlaryny ýörite ýuwujy serişdeler bilen ýuwup, çaýkamaly we ulanmazdan öňinçä, üstünden gaýnag suw akdyrmaly.
Gelip çykyşy näbelli bolan, ýaramlylyk möhleti geçen, kakadylan we duzlanan kömelegi, balygy, eti iýmit hökmünde ulanmaly däl.