SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

”Sputnik V” sanjymy Braziliýada-da öndüriler

Russiýanyň Gamaleýa gözleg merkezi tarapyndan işlenip düzülen “Sputnik V” sanjymy Braziliýada gysga wagtda öndürilip başlajakdygy habar berildi. Şeýlelikde Russiýanyň göni maýa goýum gaznasy  bilen Braziliýanyň hökümeti arasynda ”Sputnik V” sanjymyny öndürmek üçin zerur bolan şertnamalar baglaşyldy. Önümçilik mümkin boldugyça gysga wagtda başlar

Braziliýalylar üçin sanjym gysga wagtda elýeterli bolar

Braziliýada sanjymyň önümçiliginiň gysga wagtda başlajakdygy barada edilen çykyşlarda: “Braziliýada “Sputnik V” sanjymyny işläp düzmek, synagdan geçirmek we öndürmek bilen baglanyşykly ähli guramalaryň we şahsyýetleriň tagallalary netijesinde Braziliýa halky üçin sanjymyň mümkin boldugyça gysga wagtda elýeterliligini üpjün etmekden ybaratdyr” — diýlip nygtaldy.

3-nji sanjym barlagda

“Sputnik V” sanjymy, N.F. Epidemiologiýa we mikrobiologiýa boýunça Gamaleýa milli gözleg merkezi tarapyndan işlenip düzüldi. Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin 11-nji awgustda koronawirusa garşy döredilen ilkinji sanjym “Sputnik V”-iň hasaba alnandygyny habar berdi. Şeýlelikde, Russiýa koronawirus sanjymyny hasaba alan ilkinji ýurt boldy. Häzirki wagtda bu sanjym hasaba alnandan soň, 3-nji sanjymyň tapgyrlaýyn kliniki synaglar geçirilýär.

Tehnologiýa Sahypamyz

Tehnologiýa dünýäsinde bolup geçýän wakalar we täze açyşlar bilen gyzyklanmaýan okyjy ýok bolsa gerek!

Ýene-de okaň

Eýran howa giňişligini doly açdy

Türkmenistanyň syýahatçylyk kärhanalary Seul halkara syýahatçylyk sergisine gatnaşdy

«Türkmenistan» awiakompaniýasy: Dubaý we Abu-Dabi gatnawlary 15-nji iýuna çenli ýatyryldy

Türkmenistany temmäkiden azat ýurda öwürmek boýunça täze maksatnama tassyklandy

«Türkmenistan» awiakompaniýasy: Dubaý we Abu-Dabi gatnawlary 1-nji iýuna çenli ýatyryldy

Aşgabat-Awaza ugry boýunça yzygiderli awtobus gatnawlary başlanýar