SPORT

Türkmenistanyň zenanlar ýygyndysy CAFA – 2022 halkara bäsleşiginde çykyş eder

Türkmenistanyň futbol boýunça ýygyndy topary 8-20-nji iýul aralygynda Duşenbe şäherinde geçiriljek Merkezi-Aziýanyň futbol assosiasiýasynyň (CAFA) çempionatynda çykyş eder. Ýygyndy toparymyza Kamil Mingazowyň tälim berýändigini bellemek gerek.

Zenan futbolçylaryň gatnaşmagynda CAFA-nyň taryhyndaky ilkinji futbol ýaryşynda ýygyndy toparlaryň bäşisi (Türkmenistan, Täjigistan, Eýran, Özbegistan, Gyrgyz Respublikasy) çykyş eder. Onuň dowamynda duşuşyklaryň 10-sy bolup, olaryň hemmesi hem Duşenbe şäherindäki “Merkezi” stadionda geçiriler.

Ýaryşyň şertine görä, ýeňiji bir aýlawda geçiriljek bäsleşigiň esasynda kesgitlener.

CAFA-nyň çempionatynyň geçiş tertibi:

1-nji tapgyr
8-nji iýul (anna)
19:00 – Gyrgyz Respublikasy – Eýran
22:00 – TÜRKMENISTAN – Täjigistan

2-nji tapgyr
11-nji iýul (duşenbe)
19:00 – TÜRKMENISTAN – Gyrgyz Respublikasy
22:00 – Täjigistan – Özbegistan

3-nji tapgyr
14-nji iýul (penşenbe)
19:00 – Özbegistan – Türkmenistan
22:00 – Eýran – Täjigistan

4-nji tapgyr
17-nji iýul (ýekşenbe)
19:00 – Eýran – TÜRKMENISTAN
22:00 – Gyrgyz Respublikasy – Özbegistan

5-nji tapgyr
20-nji iýul (çarşenbe)
19:00 – Özbegistan – Eýran
22:00 – Täjigistan – Gyrgyz Respublikasy

 

Futbol çempionatynyň ilkinji duşuşygy

Related posts

Türkmen agyr atletikaçy Olimpiýa oýunlaryna gatnaşmaga hukuk gazandy

Ata Watan Eserleri

Gurban Berdiýew Azerbaýjanyň topary bilen ýewrokuboklara dolanýar

“Liwerpul” haçan çempion bolar? Bassyr 18-nji ýeňşi