SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Russiýa Federasiýasy üçin wiza almak

Häzirki wagtda “Türkmenistan” awiakompaniýasynyň Russiýa ugry boýunça, ýagny Moskwa we Kazan şäherlerine awiagatnawlary ýola goýdy. Bu iki şähere hem her hepde 2 gatnaw meýilleşdirildi. Moskwa şäherine ilkinji gatnaw ýerine ýetirildi. Kazan şäheirne bolsa, bir aýdan bäri gatnawlar amala aşyrylyp gelinýär.

Ine, şu döwürde Russiýa Federasiýasyna gitmek üçin wizany nireden almak sowaly ýüze çykýar. Bu barada Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň resmi internet sahypasyndaky maglumatlar esasynda şu habary taýýarladyk.

Russiýa Federasiýasyna wiza almak üçin Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň konsullyk gullugyna ýüz tutmaly.

Wizanyň birnäçe görnüşleri bolup, wiza ýüz tutmak üçin Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň resmi saýtynda, ýagny “turkmenistan.mid.ru” saýtynda wiza boýunça maglumatlar berlendir.

Şol saýta girilen wagty wiza anketasyny onlaýn, ýagny elektron görnüşde doldurmak üçin Russiýa Federasiýasynyň Daşary işler ministrliginiň Konsullyk gullugynyň ýörite saýtyna: visa.kdmid.ru ýüz tutmak gerek.

Elektron görnüşde wiza üçin ýüz tutulandan soňra Federasiýasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň konsullyk bölümine ýüz tutan şahs ýany bilen elektron wiza anketasynyň çap edilen göçürmesini (3,5х4,5 sm fotosurat ýerleşdirilen bolmaly), Türkmen biometrik pasportunyň göçürmesi, Russiýanyň wizasyny almak üçin degişli çakylygyň asyl/gysga elektron göçürmesini alyp barmalydyr.

Ähli resminamalar toplumy konsullyk gullugyna tabşyrylandan soňra wiza resmileşdirilýär. Wiza resmileşdirmek üçin ähli zerur bolan daşary ýurt dilindäki resminamalar rus diline terjime edilmelidir.

Wiza resmileşdirmek üçin resminamalar bukjasyny ýüz tutan şahsyň hut özi ýa-da onuň kanuny wekili hödürlemelidir.

Resminamalar bukjasy kabul edilenden we ýüz tutan şahsyň ýygym tölegini amala aşyrandan soňra wizanyň taýýar bolýan güni görkezilen kwitansiýa berilýär. Wiza almaga gelende şol kwitansiýany ýanyň bilen getirmelidir.

Wiza bermekden ýüz öwrülen halatynda tölenen ýygym tölegi yzyna berilmeýär.

Wiza üçin gerek bolan resminamalaryň bukjasyny şu linkden görüp bilersiňiz.

https://turkmenistan.mid.ru/vizalar/-/asset_publisher/NYlsu6USznkn/content/spiski-neobhodimyh-dokumentov?inheritRedirect=false&redirect=https%3A%2F%2Fturkmenistan.mid.ru%3A443%2Fvizalar%3Fp_p_id%3D101_INSTANCE_NYlsu6USznkn%26p_p_lifecycle%3D0%26p_p_state%3Dnormal%26p_p_mode%3Dview%26p_p_col_id%3Dcolumn-2%26p_p_col_pos%3D1%26p_p_col_count%3D2

 

 

Döwlet migrasiýa gullugynyň düzümleriniň işiniň gözgeçiligi güýçlendirilýär

Ýene-de okaň

Türkmenistan we Ýaponiýa göni howa gatnawlary barada maslahat etdi

Astrahan Türkmenistan bilen uçar gatnawlaryny ýola goýmagy meýilleşdirýär

Ata Watan Eserleri

“S7” awiakompaniýasy Moskwa-Aşgabat-Moskwa ugry boýunça howa gatnawlary ýerine ýetirip başlady

Aşgabat-Stambul-Aşgabat gatnawynda bilet arzanladyşy

Ata Watan Eserleri

Hytaýyň Türkmenistandaky ilçihanasy bir hepdelik wiza resmileşdirmegi togtadýar

Türkmen lukmanlary halkara tejribesini artdyrýarlar

Ata Watan Eserleri