SPORT

Ýapon futbolçy “Monako” geçdi

Angliýanyň “Liwerpul” toparynyň düzümindäki ýapon futbolçy Takumi Minamino mundan soňra futbol ýoluny Fransiýanyň “Monako” toparynda dowam etdirer.

Ýapon hüjümçi üçin fransuz topary iňlis toparyna 18 million ýewro tölär. Ol “Monako” topary bilen 5 ýyllyk şertnama baglaşdy.

Mälim bolşy ýaly, Minamino 2020-nji ýylda “Liwerpul” toparyna geçipdi. 27 ýaşyndaky futbolçy Angliýanyň futbol çempionatynda 11 duşuşykda oýnap, 3 gol geçirdi.

Minamino Awstriýanyň “Zalsburg” toparyndan “Liwerpul” toparyna geçipdi.

 

 

Mane “Bawariýa” bilen ÅŸertnama baglaÅŸdy

Related posts

Gökderede ýangyn-amaly sport bäsleşigi geçirildi

Tennis boýunça Merkezi Aziýa ýurtlarynyň sebitleýin ýaryşy tamamlandy

Ýewro-2020: Ronaldo rekordlar bilen başlady