BIZNES

Türkmenistan Peterburg ykdysady foruma gatnaşar

Şu ýylyň 15-18-nji iýunynda Russiýanyň Sankt-Peterburg şäherinde 25-nji gezek Halkara ykdysady forumy geçirilýär. Oňa Türkmenistanyň wekiliýeti hem gatnaşýar.

“TASS” habarlar gullugynyň habaryna görä, bu halkara forumda Türkmenistanyň wekiliýetiniň düzüminde maliýe we ykdysadyýet ministri Muhammetgeldi Serdarow, ilçi Batyr Niýazlyýew we Merkezi bankyň başlygynyň orunbasary bar.

Forum 1997-nji ýyldan bäri geçirilýär we 2006-njy ýyldan bäri Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň gatnaşmagynda we onuň howandarlygynda guralýar.

Kyrkdan gowrak ýurduň wekilleri Halkara ykdysady forumyň çärelerine gatnaşýandyklaryny tassykladylar. Olaryň arasynda birnäçe döwlet ýolbaşçylary, ministrler, işewür toparlaryň wekilleri bar.

 

Türkmenistanyň Prezidenti Eýranyň Lideri Aýatolla Ali Hamaneýi bilen duşuşdy

Related posts

Russiýa kagyzsyz söwdany ösdürmäge gyzyklanma bildirýär

Türkmen-hytaý hyzmatdaşlygy köptaraply ösüşiň täze derejesine çykýar

Bereketdäki kärhanada şu ýyl 2,7 million manatlyk ýod önümleri öndürildi

Ata Watan Eserleri