Özbegistan Respublikasy ýurda gelýän daşary ýurtly syýahatçylar üçin koronawirus bilen baglanyşykly çäklendirmeleri ýatyrýar.
Şu ýylyň 10-nji iýunyndan howa, demirýol we gözegçilik-goýberiliş nokatlaryndan ýurda gelýän daşary ýurtly syýahatçylar üçin koronawirus çäklendirmeleri ýatyrylýar. Bu barada Özbegistanyň Syýahatçylyk we medeni miras ministrligi habar berdi.
Mundan beýläk, daşary ýurtly syýahatçylara koronawirus üçin PSR synag netijenamasyny, çaltlandyrylan test tabşyrmak we sanjym edilendigi baradaky sertifikat ýaly resminamalayr görkezmek zerurlygy ýokdur.
Bu çözgüt Özbegistanda koronawirus ýokanjynyň ýaýramak depgini seljerilip kabul edildi. Şeýle hem bu ýokançlyk bilen keselläp, hassahana ýerleşdirilen näsaglaryň sany, karantin düzgünini berjaý edýän raýatlar, ýurtdaky epidemiologik ýagdaý hem göz öňünde tutulypdyr.