SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Ýewropa Bileleşigi çäksiz syýahatçylygyň geografiýasyny giňeldýär

Ýewropa Bileleşiginiň Geňeşini koronowirus bilen bagly ýaglaýlary durnuklaşan döwletleriň Bilelşige agza döwletlere girmäge hukuk berýän sanawyny giňeltdi. Indi bu sanawa Ýaponiýanyň raýatlary hem goşuldy.

Heniz Russiýa bilen ABŞ-nyň girizilmedik sanawynda mundan ozal sekiz döwlet ― Awstraliýa, Ysraýyl, Täze Zelandiýa, Ruanda, Singapur, Koreýa Respublikasy, Tailand we Hytaý bardy. Bileleşik bu döwletler bilen özara baryş-geliş çäklendirmeleriniň aradan aýrylmagy barada şertnama baglaşdy.

«ÝB syýahatçylyga girizilen çäklendirmeleri tapgyrma-tapgyr ýeňilleşdirmek üçin bu sanawa Ýaponiýany hem goşdy. Şeýlelikde, çäksiz aragatnaşygyň geografiýasy ýene-de giňeldi» diýip, Bileleşigiň beýanatynda aýdylýar.

Ýeri gelende aýtsak, ozal bu sanawda yklyma degişli bolmadyk 15 döwlet bardy. Ýöne epidemiologik ýagdaýlaryň çylşyrymlaşmagy bilen sanaw gysgaldy.

 

7-nji iýunda ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

 

 

Related posts

Merkezi Aziýada Bitewi saglyk

BSGG: 335 million adama sanjym edildi

Alymlar gepleşikde koronowirus ýokuşmagyna baha berdiler