SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Aşgabatdan Dubaýa uçar gatnawy amala aşyryldy

«Türkmenistan» awiakompaniýasynyň koronawirus pandemiýasy sebäpli çäklendirilen halkara uçar gatnawlarynyň täzeden tapgyrlaýyn ýola goýulmagy bilen ilkinji halkara uçar gatnawy amala aşyryldy. Bu uçar gatnawy Aşgabat-Dubaý ugry boýunça ýerine ýetirildi.

Ozal hem habar berşimiz ýaly, bu uçar gatnawy ýerli wagt bilen 12:20-den soňra Dubaýa tarap ýola düşdi. Birnäçe sagatdan soňra uçar gatnawy Dubaýyň halkara howa menziline gondy.

Türkmenistan bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň arasynda yzygiderli howa gatnawlarynyň dünýäde ýüze çykan pandemiýa sebäpli 2020-nji ýylyň mart aýynda togtadylandygyny bellemek gerek.

1-nji iýundan başlap, Tatarystanyň Kazan şäherine göni uçuşlar gaýtadan dikeldiler.

 

 

Müsürde ýokary tizlikli otly tory dörediler

 

 

Related posts

Haýyr-sahawat gaznasynyň serişdeleriniň hasabyna çagalara kardiohirurgiki we urologiki operasiýalar geçirildi

«Türkmenistan» awiakompaniýasy: ýerli we halkara howa gatnawlaryň täze rejesi

Ata Watan Eserleri

BSGG: 92 ýurtda sanjyma başlanar

Ata Watan Eserleri