SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Haýyr-sahawat gaznasynyň serişdeleriniň hasabyna çagalara kardiohirurgiki we urologiki operasiýalar geçirildi

Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň serişdeleriniň hasabyna howandarlyga mätäç çagalar yzygiderli bejerilýär hem-de olara zerur bolan lukmançylyk operasiýalary geçirilýär.

«Watan» habarlar gepleşiginde habar berilişi ýaly, Halkara saglyk merkezleri müdiriýetiniň Halkara kardiologiýa merkezinde doga ýürek kemisligi keselinden ejir çekýän Mary hem-de Lebap welaýatlaryndan bolan çagalaryň birnäçesine ýerli lukmanlar tarapyndan kardiohirurgiki bejeriş operasiýalary üstünlikli ýerine ýetirildi.

Şeýle hem Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş ylmy-kliniki merkezinde ýerli lukmanlar tarapyndan 1 ýaş 2 aýlyk doga kemisliginden ejir çekýän çaga Kerimberdi Meretdurdyýewe urologiki hirurgiýa bejeriş operasiýasy üstünlikli amala aşyryldy.

Related posts

Hytaý gyzzyrmadan azat ýurt boldy

Koronawirusa garşy burun spreýi döredildi

Ata Watan Eserleri

Aşgabat halkara mekdebi dynç alyş çäresine çagyrýar