SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Türkmen kanýony Ýangy galany tanaýlyň!

Ýangy gala kanýony Türkmenistanyň owadan ýerleriniň biridir. Ol «Otly gala» diýen many berýär. Bu barada www.turkmenistan.gov.tm saýtyndaky Roman Teplýakowyň habarynda aýdylýar.


Şol habarda hem bellenişi ýaly bu özboluşly owadan ýer Balkanabatdan 165 km demirgazykda we Türkmenbaşydan 160 km gündogarda Türkmenbaşy etrabynyň çäginde ýerleşýär. Ol ýerli ilatyň hem-de syýahatçylaryň arasynda meşhurlyga eýedir. Kert gaýadaky darajyk köwe çykyp, aklyňy haýran edýän görnüşe bakyp gözüň doýmaýar.
Ýangy gala ençeme asyr mundan ozal tebigatyň gyzyl, ak, sary we narynç öwüşginlerden ýasan äpet we mäkäm galasyny ýada salýar. Onuň reňkleriniň arasynda gyzyl reňk agdyklyk edensoň ýerli ilat oňa Gyzyldag diýýär.

Gadym döwürlerde kanýona Garabogaz kölüniň suwy gelipdir, şonuň üçin hem işi şowlan syýahatçylara bu ýerde balykgulaklar we birgeňsi şekilli reňkli daşlar gabat gelýär. Ýangy galany görmek miýesser edenler bu ýerde ençeme gezek ýaňlanýan owadan ýaňy uzak wagt ýatlap gezýärler.

4 Dilde gürleýän Sözlük: Makul Sözlük Rus dilinde

 

Ýene-de okaň

Eýran howa giňişligini doly açdy

Türkmenistanyň syýahatçylyk kärhanalary Seul halkara syýahatçylyk sergisine gatnaşdy

«Türkmenistan» awiakompaniýasy: Dubaý we Abu-Dabi gatnawlary 15-nji iýuna çenli ýatyryldy

Türkmenistany temmäkiden azat ýurda öwürmek boýunça täze maksatnama tassyklandy

«Türkmenistan» awiakompaniýasy: Dubaý we Abu-Dabi gatnawlary 1-nji iýuna çenli ýatyryldy

Aşgabat-Awaza ugry boýunça yzygiderli awtobus gatnawlary başlanýar