SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Parawbibiniň ak aramgähi : Keramatly ýer

Türkmenistanyň islendik künjeginde gadymy rowaýatlar bilen baglanyşykly ýerler bardyr. Olaryň biri hem Balkan welaýatynda Köpetdagyň eteginde owadan dag manzarlarynyň içinde ýerleşýän Parawbibiniň ak aramgähidir. Bu barada www.turkmenistan.gov.tm saýtyndaky Swetlana Çirsowanyň makalasyny Size ýetirýäris.

Makalada bellenişi ýaly ozallar bu ýerden derde derman suwly çeşme akýan ekeni. Ol bireýýäm gurap gitse-de, bu gadymy aramgähe ozalkysy ýaly zyýarata gelýän köp.

Rowaýata görä, gadym eýýamlarda bu ýerde ýaşaýan owadan Parawbibini çozup gelýän duşmana berjek bolýarlar. Ol duşmanyň eline düşmejek bolup, dag gowaklaryna siňip gidýär, ýöne ol barada duşmanlara habar barýar. Onsoň Parawbibi Alladan özüni duşmandan halas etmegi dileýär. Keramat bilen dag darka ýarylýar-da, gyz oňa girip gidýär.

Bu keramatly ýerde aramgäh gurulýar. Adamlar häli-häzirem şol ýerdäki gara daşda Parawbibiniň eliniň yzynyň bardygyny aýdýarlar.

Takmynan XI asyrda bina edilen aramgäh Paraw obasynyň günorta-günbataryndaky depede ýerleşýär.  Oňa basgançaklaryň 269-sy eltýär. Binanyň beýikligi 4,8 m. Onuň bir böwründe kiçiräk gowak bar: Parawbibi hut şu ýerden daga siňipdir diýilýär.

Çepdäki basgançaklar kiçijik gapdal otaga eltýär, bu ýerdäki darak bilen aýna hem Parawbibiniňki diýýärler. Paraw  obasy Balkan welaýatynyň Serdar şäherinden Bereket şäherine tarap takmynan şäherara ýoldan 10 km ýol gideniňden soňra çep tarapda ýerleşýär.

4 Dilde gürleýän Sözlük: Makul Sözlük Rus dilinde

Türkmen kanýony Ýangy galany tanaýlyň!

 

Ýene-de okaň

Türkmenistanda enäniň we çaganyň saglygy boýunça 5 ýyllyk maksatnama tassyklandy

5 aýda Özbegistana 5 milliondan gowrak syýahatçy geldi

Eýran howa giňişligini doly açdy

Türkmenistanyň syýahatçylyk kärhanalary Seul halkara syýahatçylyk sergisine gatnaşdy

«Türkmenistan» awiakompaniýasy: Dubaý we Abu-Dabi gatnawlary 15-nji iýuna çenli ýatyryldy

Türkmenistany temmäkiden azat ýurda öwürmek boýunça täze maksatnama tassyklandy